Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze — 2026-njy ýyl mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň tutuş dünýä parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezendigi bellenilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Ylymlar akademiýasynyň prezidenti А.Aşirow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl baýramy bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türkmenistandaky Apostol nunsiýasy Marek Solçinskiý, Apostol nunsiaturasynyň administratiw meseleler boýunça attaşesi Pawel Ýanuş Kubiak, Türki dilli ýurtlaryň Parlament Assambleýasynyň baş sekretary Ramil Gasan, Döwletara awiasiýa komitetiniň başlygy O.Storçewoý, «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.Batyrşin, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato, “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş ýerine ýetiriji direktory S.Koçkurow, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «Rönesans Holding A.Ş.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Eni SpA” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Klaudio Deskalzi, «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilçiliginiň direktory W.Homýakow, telekeçi W.Alekperow gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory H.Kadyrow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy A.Beşimow we beýlekiler iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank