Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Gutlaglary iberenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy üstünliklerine beslenjekdigine ynam bildirýärler hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Baýramow, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew we beýlekiler iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi täze ýyl bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri, Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Petro Makarenko, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow, Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow tüýs ýürekden gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory A.Annaýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan M.Berdimyradowa, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Ç.Agamyradow, Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan B.Gutlyýew, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy N.Kakabaýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Meredow, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy S.Ataýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew we beýlekiler tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank