Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Arkadag şäheri, 2-nji ýanwar (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy. Maslahata Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Hormatly il ýaşululary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar.
Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar häkimligiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň gazananlaryna, ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik işlerine uly orun berlipdir. Şeýle hem sergide ýyndam bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine aýratyn orun berlipdir.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy täze — 2026-njy ýylyň başlanmagy hem-de ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylyň ahyrky Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edendiklerini aýdyp, bu teklibi goldamak bilen, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edendigine üns çekildi. Şu mynasybetli Milli Liderimiz türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlady. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem ýylyň şygaryna ünsi çekendigini aýtdylar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda gazanylýan ösüşler täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Bu barada Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew hem-de Hormatly il ýaşulusy K.Täşliýew öz çykyşlarynda nygtadylar. Şeýle hem olaryň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýygy-ýygydan ahalteke bedewleri bilen didarlaşyp durýandygy, olara atlanyp, bedewi çarpaýa galdyrmagynyň Watanymyzyň belentliklere ymtylyşyny alamatlandyrýandygy bellenildi. Bedewlere şeýle ýokary derejede erk etmek ussat çapyksuwarlara mahsusdyr, aty çarpaýa galdyryp, onuň üstünde mäkäm we ynamly oturmak diňe kämillere, dogumly kişilere, merdana adamlara başardýandyr. Şoňa görä-de, Milli Liderimiziň bedew ata atlanan keşbi şekillendirilen ajaýyp sungat eserleri döredilip, olar bu günki gün halkymyzyň gymmatly mirasyna öwrülýär.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewiň jylawyny Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynamly gollara alyp, Watanymyzy ösüşiň täze tapgyryna alyp barýar. Ýurdumyzyň asudalygy, rahatlygy, diňe öňe tarap hereket etmegi ahalteke bedewine mahsus alamatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa dünýäniň häzirki çylşyrymly döwründe aýratyn möhümdir” diýip, çykyş edenler nygtadylar. Şeýle bolansoň, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýerine düşen ajaýyp çözgütdir. Bu ýylda hem halkymyz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, bedew bady bilen täze sepgitlere ýeter.
Dabaraly maslahatda täze ýylyň şygarynyň mazmuny hem-de bedewler hakynda edilen çykyşlar Milli Liderimiziň: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!” diýen ruhlandyryjy sözleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýýandygy barada aýdylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.
Türkmenler ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna «asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar.
Çykyş edenler şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan edilýän pikirlere ünsi çekdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. «At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.
Çykyş edenler her ýylyň şygarynyň we nyşanynyň yglan edilmeginiň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigini, täze ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň 2026-njy ýylyň Gündogar senenamasy boýunça ýylky ýylydygy bilen hem baglanyşyklydygyny aýratyn nygtadylar. “2026-njy ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan türkmen halky bu ýyla Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam basdy. Bu bolsa, geçen ýyllarda bolşy ýaly, at ýylynda-da Watanymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň buşlukçysydyr” diýip, çykyş edenler aýtdylar. Bu bolsa ýylyň şygaryndaky “bedew batly at-myradyň mekany” diýen jümleler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Halkymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýar. Olar asyrlarboýy halkymyzyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly ýoluny döredipdirler. Gahryman Arkadagymyz ahalteke tohum atlarynyň şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürip, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Netijede, ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy barha belende göterilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolup, toparyň agzalaryna birnäçe baýraklaryň gowşurylandygyny, bu ajaýyp wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde giň gerimli dabaranyň geçirilendigini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ahalteke bedewi türkmen tebigatynyň we adamzadyň yhlasynyň döreden gudratydyr. Munuň özi täze ýylyň mazmunyny emele getirmek bilen, türkmen halkynyň durmuşynda bedewiň aýratyn orun eýeleýändigini äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ilkinji dabaraly maslahatyň Arkadag şäherinde geçirilýändigine ünsi çekdiler. Munda aýratyn many-mazmun bar. Çünki bu “akylly” şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine meşhur seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Munuň özi tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara ýurdumyzda goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
Çykyşlarda bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda möhüm wezipeleriň öňde durýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegi baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlar çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň bedew batly okgunly ösüşleri, şol ösüşlerde Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan we binagärlik zehininden dörän Arkadag şäheriniň eýeleýän mynasyp orny, halkymyzyň agzybirligi bilen gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank