Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçjek täze — 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda geçen ýylyň ajaýyp wakalara, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde uly üstünliklere beslenendigi bellenilýär. Gutlaglary iberenler şeýle üstünlikleriň gazanylmagynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli işleri esasynda mümkin bolandygyny, täze ýylyň hem ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyny nygtap, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Täze ýyl bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank