TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze — 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Ýakynda Aşgabatda wekilçilikli halkara forumyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Forumyň üstünlikli geçmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny we 30 ýyl bäri yzygiderli durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

Biz dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň bähbidine Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işimizi mundan beýläk hem dowam etdireris.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.

Tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki anyk tagallalarymyzyň netijesinde umumy taryh, dil, ynanç, medeni kökler bilen baglanyşýan özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky köpugurly hem-de uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünlikleri gazandyk. Ýokary derejedäki özara saparlaryň has-da işjeňleşendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we köpugurly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýetip gelen täze ýylda hem ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça hoşmeýilli maksatlarymyzyň we meýilnamalarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirilip, olaryň dostlukly halklarymyzyň umumy abadançylygyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny ýetip gelen täze — 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tamamlanyp barýan ýylda gyrgyz-türkmen gatnaşyklary pugtalandyryldy we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. 2026-njy ýylda hem ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli dialogymyzyň, ýakyn hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

2025-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we köpugurly gatnaşyklar okgunly häsiýete eýe bolup, bu gatnaşyklary halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdürmek boýunça bilelikdäki täze anyk işler durmuşa geçirildi. Ýetip gelen 2026-njy ýylda hem ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga we ynanyşmaga esaslanýan döwletara dialogy dowam etdirmäge şatdyrys.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze — 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Şeýh Mohammed bin Zaýed Al NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze — 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňizi we ýurduňyzyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garşy alýan bu ýylymyzda birleşen tagallalarymyz netijesinde dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berk binýadyny goýarys diýip umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Masud PEZEŞKIAN,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Tamamlanyp barýan ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ýakyn dostluga we özara düşünişmäge esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. 2026-njy ýylda dostlukly gatnaşyklarymyzyň has-da ösdüriljekdigine we hyzmatdaşlygymyzyň ugurlarynyň giňeldiljekdigine umyt edýärin.

Size mundan beýläk-de rowaçlyk, ýurduňyza bolsa durnukly ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže MÝON maşgalasy bilen.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Polşanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň raýatlaryna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Size rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Karol NAWROSKIÝ,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Goý, 2026-njy ýyl Size we halkyňyza bagt getirsin! Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize täze — 2026-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Geljek ýylyň bütin adamzat üçin ýagşylygyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň ýyly boljakdygyna, dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine uly ösüşleriň gazanyljakdygyna umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegini arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.