TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar. Täze ýylyň baş gahrymanlary hasaplanýan Aýazbabadyr Garpamyk bu ýerde guralan dabaranyň esasy myhmanlary boldy. Ol “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň üstüni ýetirdi.

Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda nurana arzuwlar hasyl bolýar. Şunda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, olaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy babatdaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Dabara gatnaşýan çagalar özleri barada döwlet tarapyndan edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra olar şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň yzygiderli aladalary netijesinde gaznanyň işiniň barha ilerleýändigini nygtadylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow çykyş edip, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalary hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukybynyň açylmagy ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär. R.Bazarow şadyýan çagalara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olaryň Watanymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra baýramçylyk dabaralary “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermegi esasynda merkeziň zehinli çagalarynyň döredijilik ukyplaryny açmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, gazna ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna goldaw bermek, olaryň degişli bejergi almaklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini esasy ugur edinýär. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň tebigy betbagtçylyklar zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda bu gaznanyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

“Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde bagtyýar çagalygyň senasyna öwrülen “Aýterek-Günterek” atly aýdymyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu aýdym hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny belende göterdi.

Soňra dabara gatnaşýan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Olar hoş owazly aýdymlarynyň, labyzly okan goşgularynyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şadyýan baýramçylygyň hormatyna çagalara sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanylmagy asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.