TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm meseleleri çözmekde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýär. Bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan behişdi bedewler Watanymyzyň milli buýsanjy hökmünde täze ýylyň şygarynyň mazmunynda öz beýanyny tapdy. Bedewler halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. Gaýduwsyzlyk, wepadarlyk we asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän ahalteke bedewleriniň nusgawy keşbi durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap almak bilen, ýurdumyza belent sepgitlere ýetmäge, uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär. Olaryň şan-şöhratyny has-da belende götermek hem-de giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hatlary iberenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly waka bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)