TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda halkymyzyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň arasynda behişdi ahalteke bedewleri, ajaýyp halylary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem aýratyn orun eýeleýändigi bellenilýär. Alabaý itleri gaýduwsyzlygy, eýesine wepalylygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine, goralyp saklanylmagyna we olaryň iň arassa tohumlarynyň ýaýradylmagyna, dünýäde wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

“Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)