Türkmenistanyň Prezidentiniň BUÝRUGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türgenlerimiziň we ussat tälimçilerimiziň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sportuň görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda türgenlerimiziň gazanan ýokary üstünliklerini we olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp,
Dünýä derejeli ýaryşlarda bürünç medala mynasyp bolan şu türgenleriň her birini 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
1. Söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Bezirgen Begenjowy;
2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 4-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Abdylla Mälikgulyýewiç Nazargeldiýewi;
3. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Ilşat Ýunus ogly Döwranowy;
4. Aşgabat şäherindäki 105-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Annamuhammet Gurbangulyýewiç Annamuhammedowy;
5. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Mähriban Abdyrahymowna Pälwanowany;
6. Aşgabat şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Sapar Musaýewiç Döwletowy;
7. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Annageldi Gurbansähedowiç Annasähedowy;
8. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Şyhberdi Maksadowiç Rahmanowy;
9. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Bagtyýar Baýramowiç Myradowy;
10. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Eziz Maksatmyradowiç Ýollyýewi;
11. Jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Begli Kadyrmuhammedowiç Saparowy;
12. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Aýnur Şöhratowna Kullyýewany;
13. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 104-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy, agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Ogulşat Gurbandurdyýewna Amanowany;
14. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy, küşt boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Anna Olegowna Çaryýewany;
15. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, küşt boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Jahan Yhtiýarowna Rejepowany;
16. Balkan welaýatynyň bedenterbiýe-sport klubynyň tälimçisi, para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Baýramgeldi Ilmämmedowiç Saparowy;
17. Uşu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Çarymyrat Agamyradowiç Annagurbanowy;
18. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, uşu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Eziz Bezergenowiç Muhammedowy;
19. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, taýboks boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Jasurbeg Farhadowiç Ahmedowy;
20. Aşgabat şäherindäki 66-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, taýboks boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Söhbet Abdyresulowiç Atlyýewi;
21. «Gülistan» döwlet söwda merkeziniň söwda bölüminiň esasy hünärmeni, kikboksing boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Toýlymyrat Muhammedowiç Ýegeleýewi;
Dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş medala mynasyp bolan şu türgenleriň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
22. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň sambo boýunça tälimçi-mugallymy, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Sabina Agajanowna Agajanowany
23. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Guwanç Penjiýewiç Begaliýewi;
24. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Hakberdi Ýusupowiç Jumaýewi;
25. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Mälikberdi Hallymämmedowiç Begiýewi;
26. Söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Rasul Muradowiç Džabrailowy;
27. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, sambo boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Babamurat Baýram ogly Baýramowy;
28. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Ykbal Garly gyzy Saparowany;
29. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Sanjarbek Bahtiýarowiç Awazberdiýewi;
30. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Gülzada Jorakulyýewany;
31. Jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Rähmet Saparowiç Taganowy;
32. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Annagurt Amanmyradowiç Amanmyradowy;
33. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Marýam Ruslanowna Wafaýewany;
34. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Suraý Şamyradowna Gökgäýewany;
35. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Parahat Döwranowiç Rahmanowy;
36. Aşgabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Agasapar Baýramjumaýewiç Muhadowy;
37. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Alyşir Jumamyradowiç Jumamyradowy;
38. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Yslam Röwşenowiç Rejepowy;
39. «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Didarbek Zairjan ogly Jumabaýewi;
40. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy, agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Kakamyrat Annamyradowiç Annamyradowy;
41. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 35-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy, agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Yslam Rustamowiç Akmyradowy;
42. Para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Muhammet Bezirgenowiç Hojaýewi;
43. Mary welaýatynyň bedenterbiýe sport klubynyň tälimçisi, para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Öwezgeldi Geldimyradowiç Orjiýewi;
44. Para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Sergeý Alekseýewiç Meladzeni;
45. «Berk Ojak» hojalyk jemgyýetiniň inženeri, para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Işkuwwat Perdäýewiç Çaryýewi;
46. Para-pauerlifting görnüşi boýunça ýygyndy toparyň türgeni Maýagözel Täçnazarowna Ekeýewany;
47. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, taýboks boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Kakajan Kakageldiýewiç Öräýewi;
48. Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň ýygyndy toparynyň türgeni Muhammet Myratgeldiýewiç Jumamyradowy;
49. Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Toýmuradowiç Jorakulyýewi;
Dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan şu tälimçileriň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly:
50. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Ahmet Akmuradowiç Saryýewi;
51. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Mansur Rozumbaýewiç Rejepowy;
52. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň tälimçisi Tirkeş Döwranowiç Döwletowy;
53. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň küşt boýunça tälimçi-mugallymy Ejegyz Çaryýewna Ýalkanowany;
54. Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň taýboks boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlarynyň federasiýasynyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Orazmuhammet Orazowiç Bäşimowy;
55. Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary, para-pauerlifting boýunça ýygyndy toparyň tälimçisi Tahyr Tagandurdyýewiç Şorahanowy;
Dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan şu türgenleriň her birini 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamaly:
56. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Muminjan Abdilhakimowiç Arzikulowy;
57. Söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Alyhan Şahruhowiç Aýdogdyýewi;
58. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Yslam Hemraýewiç Hemraýewi;
59. Aşgabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Niýazmyrat Begençewiç Babekowy;
60. Söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Ahmet Polatowiç Tanriberdiýewi;
61. Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Isa Atamyradowiç Arslanowy;
62. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Zyba Jumakulyýewna Orunowany;
63. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Madina Rahimowna Aýdogdyýewany;
64. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Hurma Akmyradowna Abdyýewany;
65. Türkmen döwlet bedenterbiye we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Seýdylla Şamyradowiç Akmämmedowy;
66. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Aminat Guwanjowna Guwanjowany;
67. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Yslam Döwletmyradowiç Öwezowy;
68. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Gudrat Maksadowiç Esenowy;
69. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby, jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Anamjan Rustamowany;
70. «Türkmensöwda-hyzmat» döwlet kärhanasynyň hünärmeni, kikboksing boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Pygy Myradowiç Silabowy;
71. Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Atajan Rasulbekowiç Atamuradowy;
Dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan şu tälimçileriň her birini 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamaly:
72. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Annageldy Baýramgeldyýewiç Sarykulowy;
73. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Ilýas Akmyradowiç Işangulyýewi;
74. Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň Söweş sambosy boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Ýakupberdi Selimberdiýewiç Berdiýewi;
75. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça tälimçisi Nurgeldi Orazsähedowiç Kuliýewi;
76. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Osman Orunowiç Ýoldaşowy;
77. Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Nurhoja Orakowiç Taumanowy;
78. Aşgabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Begmyrat Çarymyradowiç Meredowy;
79. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň sambo boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Aýgözel Hoşgeldiýewna Gurbangeldiýewany;
80. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň söweş sambosy boýunça tälimçisi Maýsa Danatarowna Gupbykowany;
81. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter hasaplaýyş merkeziniň operatory, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Kemal Meredowiç Meredowy;
82. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparynyň tälimçisi Rahat Baýramgeldiýewiç Kurbanowy;
83. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowy;
84. Aşgabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň kikboksing görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Aleksandr Nikolaýewiç Snagowskini.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank