TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň ÝÜZLENMESI

Çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Pre­zi­den­ti­miz!

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ibe­ren mä­hir­li Gut­la­gy­ňyz pu­da­gyň äh­li iş­gär­le­ri­niň kal­byn­da buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­ret­di. Mu­nuň üçin Si­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­ly­gy­my­zy be­ýan ed­ýä­ris we ok­gun­ly ösüş­le­riň ýo­lun­da ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi ug­run­da ama­la aşyr­ýan döw­let­li iş­le­ri­ňi­ziň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, Si­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gy­ňyz­da al­nyp ba­ryl­ýan ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, ne­bit­gaz top­lu­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýar. Uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň öňün­de goý­lan stra­te­gik we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar.

Be­lent mer­te­be­li Pre­zi­den­ti­miz!

Ýur­du­my­zyň ne­bit­çi­le­ri­niň, gaz­çy­la­ry­nyň we geo­log­la­ry­nyň yh­las­ly hem-de tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de tä­ze ýa­tak­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ne­bi­tiň we te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek, iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny göz­le­me­giň, ýü­ze çy­kar­ma­gyň we tap­gyr­la­ýyn öz­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na ne­bi­tiň, te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga iri ma­ýa go­ýum­la­ryň gö­nük­di­ril­me­gi, pu­da­gyň hü­när­men­le­ri üçin ze­rur bo­lan hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry­nyň, se­riş­de­le­riň, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de ýer­leş­ýän gaz kän­le­rin­dä­ki ula­nyş gu­ýu­la­ryn­dan te­bi­gy ga­zyň we ne­bi­tiň se­na­gat äh­mi­ýet­li akym­la­ry alyn­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de Si­ziň türk­men te­bi­gy ga­zy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni di­ňe bir mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na däl, eý­sem, se­bit­de we dün­ýä­de aba­dan­çy­ly­gy ber­kit­mä­ge, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­dir­mek ba­bat­da öňe sür­ýän yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry­ňyz iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň al­tyn güý­zün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň mö­hüm tap­gy­ry bo­lan Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat we­la­ýa­ty­na bar­ýan no­bat­da­ky tap­gy­ry­na ak pa­ta ber­me­gi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň asyl­ly mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk iş­le­ri ýe­ne bir ýo­la bü­tin dün­ýä äş­gär et­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz!

Si­ziň ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da­ky ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry­ňyz, ber­ýän gol­daw­la­ry­ňyz, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­ňiz türk­men ne­bit­çi­le­ri­ni, gaz­çy­la­ry­ny we geo­log­la­ry­ny tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­ma­ga, has be­lent sep­git­le­re ýet­mä­ge, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Dö­red­ýän şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler üçin Si­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk­la­ry­my­zy be­ýan ed­ýä­ris. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my­nyň ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de bel­le­ni­len gü­nün­de Si­ziň bil­dir­ýän be­lent yna­my­ňy­za, üns-ala­da­ňy­za jo­gap edip, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ňi­zi üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­rip, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy ug­run­da ukyp-ba­şar­ny­gy­my­zy, gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy gaý­gyr­man zäh­met çek­jek­di­gi­mi­ze ynan­dyr­ýa­rys.

Be­lent mer­te­be­li Pre­zi­den­ti­miz!

Eziz Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ibe­ren mä­hir­li Gut­la­gy­ňyz üçin Si­ze ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­ňi­ziň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

Si­zi çuň­ňur hor­mat­la­mak bi­len,

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri.