TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady

Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di. Oňa dün­ýä döw­let­le­ri­niň, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­dy­lar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat dokt­ri­na­sy­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gol­da­ny­lan bu hu­kuk ýag­da­ýy pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji döw­let hök­mün­de ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­dy. Oňyn Bi­ta­rap­lyk dün­ýä pro­ses­le­rin­den çet­leş­mek bol­man, eý­sem, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan iş­jeň stra­te­gi­ýa­dyr. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty se­bit­de we onuň çäk­le­ri­niň da­şyn­da dur­nuk­ly­ly­ga, howp­suz­ly­ga, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, BMG-niň ýö­rel­ge­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na, BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­ne berk eýer­ýär. Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak üçin dip­lo­ma­tik, sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy gu­ral­la­ryň iş­jeň ula­nyl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­gy se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­nyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýur­du­myz se­bit hem-de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­niň yla­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, ne­ti­je­li dia­log ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär.

Yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň wa­jyp bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry iş­jeň öňe sür­ýär. Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň çuň­ňur yn­san­per­wer maz­mu­ny hem bar. Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­tan yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­rip, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len bu ul­gam­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär hem-de yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re berk yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” at­ly tä­ze fi­lo­so­fik kon­sep­si­ýa­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu baş­lan­gy­jy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­gyň, aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň ýe­ke-täk we yg­ty­bar­ly gu­ra­ly hök­mün­de yna­nyş­mak, öza­ra hor­mat goý­mak me­de­ni­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­gyr­ýar. Iki ta­ry­hy se­nä — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan şu gün­ki hal­ka­ra fo­rum bu tag­lym­la­ry iler­let­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça bo­lup, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, dur­nuk­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ösü­şiň bäh­bi­di­ne oňyn Bi­ta­rap­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak ba­bat­da tä­ze me­ha­nizm­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

...Ir bi­len hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry paý­tag­ty­myz­da­ky Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Her bir gül des­se­si ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­na we onuň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len ber­ki­di­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne go­ýul­ýan çuň­ňur hor­ma­tyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.

Soň­ra we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­ne gel­di­ler. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ola­ryň bi­le­lik­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy hem-de «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak: dur­nuk­ly gel­je­giň bäh­bi­di­ne mak­sat­la­ryň bi­te­wü­li­gi» at­ly ple­nar mej­lis ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si açyp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­le­di hem-de bu fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi­niň bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ge­çen 30 ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň berk bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat et­mek bi­len, se­bit we hal­ka­ra howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge yzy­gi­der­li go­şant goş­ýar. Bu hal­ka­ra fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge ýar­dam eder.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­le­ri Türk­me­nis­tan­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­ýan­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň adyn­dan mä­hir­li gut­lap, fo­ru­ma döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň, iri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, gör­nük­li sy­ýa­sat­çy­la­ryň, par­la­ment ag­za­la­ry­nyň, dip­lo­mat­la­ryň, alym­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ýan­dy­gy­ny, myh­man­la­ry türk­men top­ra­gyn­da gör­me­giň türk­men ta­ra­py üçin uly hor­mat we ab­raý­dy­gy­ny aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu fo­ru­ma iri, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýar. Oňa se­bit, yk­lym we äh­lu­mu­my iş­ler ba­ra­da oý­lan­mak, hal­ka­ra sy­ýa­sat­da pa­ra­hat­çy­lyk, hyz­mat­daş­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak, ada­lat­ly­lyk, dia­log me­de­ni­ýe­ti hem-de öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­daý­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi üçin ba­dal­ga no­ka­dy hök­mün­de se­re­dil­ýär.

Türk­me­nis­tan bi­ziň top­ra­gy­myz­da şu gün dün­ýä gur­lu­şy­nyň tä­ze, yn­san­per­wer we öň­den­gö­rü­ji­lik­li esas­la­ry­nyň hem-de ösü­şiň ha­ky­ky, jo­gap­kär­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ka­nu­ny esas­da gu­wa­nyp bi­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­dä­ki hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni, ony aýaw­ly sak­la­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­my açyk di­ýip yg­lan edip, bu fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi­niň dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da ka­da­la­ry, gym­mat­lyk­la­ry we öl­çeg­le­ri yk­rar et­mek hem-de ber­kit­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň köp­ýyl­lyk yzy­gi­der­li işi­niň ne­ti­je­si­di­gi­ni bel­le­di.

Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, olar hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­li hä­zir­ki za­man ul­ga­my­nyň hu­kuk we dün­ýä­ga­ra­ýyş ba­bat­da esa­sy­ny düz­me­li­dir. Pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de yna­nyş­ma­gy şeý­le esas hök­mün­de jar edip, bi­ziň ýur­du­myz en­çe­me mö­hüm ädim­le­ri ät­di we baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Olar dün­ýä­de dü­şün­mek bi­len ka­bul edil­di, hyz­mat­daş­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan gol­daw tap­dy. Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­le­lik­dä­ki işiň ne­ti­je­si bol­dy. Mu­nuň özi bi­ziň umu­my üs­tün­li­gi­miz­dir. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň äh­li ag­za döw­let­le­ri­niň sy­ýa­sy ýol­baş­çy­la­ry­nyň öň­den­gö­rü­ji­li­gi­niň, jo­gap­kär­çi­li­gi­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň ne­ti­je­si­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, bu mö­hüm çöz­gü­di gol­dan­dyk­la­ry hem-de ony ka­bul et­mä­ge go­şan go­şant­la­ry üçin hem­me­le­re tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň kon­sep­tual ka­da­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ka­nun­çy­ly­gyn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy­ny aý­dyp, şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Bu Ka­nun­da Bi­ta­rap­lyk, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga, hyz­mat­daş­ly­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, güýç ulan­maz­ly­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga, is­len­dik hal­ka­ra me­se­le­le­ri di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler we usul­lar ar­ka­ly çöz­mä­ge, beý­le­ki ýurt­la­ryň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­ly­ga, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ile­ri tut­ma­ga, adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­ma­ga, en­çe­me beý­le­ki örän mö­hüm borç­na­ma­la­ra üýt­gew­siz eýer­mek esa­sy ka­da­lar hök­mün­de ber­ki­dil­ýär. Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­ň ka­bul edil­me­gi hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň sub­ýek­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de tap­gyr­la­ýyn wa­ka öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň pug­ta pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy ga­zan­ma­ga hem-de go­rap sak­la­ma­ga esas­lan­ýan stra­te­gik ug­ru­nyň dog­ru­dy­gy­nyň we üýt­gew­siz­di­gi­niň gü­wä­si bol­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy hem-de ýö­ne­keý bol­ma­dyk geo­sy­ýa­sy ýag­daý­la­ryň hä­zir­ki döw­rün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Bu dü­şün­je­le­re ba­ra­bar ba­ha ber­mek we ola­ry dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň je­del­siz ka­da­la­ry hök­mün­de ber­kit­mek hä­zir­ki za­ma­nyň gur­lu­şy ba­ra­da oý­lan­mak­da ne­ti­je­li öňe­gi­diş­lik­dir. Howp­ly gap­ma-gar­şy­lyk ýag­da­ýyn­dan howp­suz­ly­gyň hem-de ösü­şiň äh­lu­mu­my gur­lu­şy­nyň ne­ti­je­li, ha­ky­ky, saz­la­şyk­ly esas­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga ta­rap ädim­dir. Türk­me­nis­tan bu ne­ti­jä­ni di­ňe bi­le­lik­de, umu­my sy­ýa­sy, dün­ýä­ga­ra­ýyş, yn­san­per­wer esas­da BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­na, hal­ka­ra hu­ku­gyň yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na da­ýa­nyp, döw­let­le­riň, hal­ka­ra ins­ti­tut­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek ar­ka­ly ga­za­nyp bo­lar di­ýen ga­ra­ýyş­dan ugur al­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly örän mö­hüm ta­ry­hy ýu­bi­le­ýe — ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň çöz­güt­le­rin­de, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ber­ki­di­len sy­ýa­sy-hu­kuk ýag­da­ýy bo­lan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de bi­ziň äh­li ädim­le­ri­mi­zi, Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni hem-de ägirt uly ne­ti­je­le­ri­ni kes­git­le­ýär.

Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we açyk­lyk ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan on­lar­ça döw­let bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de esa­sy hal­ka­ra ins­ti­tut­lar bi­len yna­nyş­ma­gyň hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­si­ne ýet­di. Bi­ta­rap­lyk we onuň ne­ti­je­si bo­lan «Açyk ga­py­lar» da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty içer­ki ösüş üçin amat­ly da­şar­ky şert­le­ri üp­jün edip, Türk­me­nis­ta­na yk­dy­sa­dy, dur­muş ösü­şi­niň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ila­tyň dur­mu­şy­nyň de­re­je­si­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dep­gin­li söw­da, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny alyp bar­ma­ga, iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin özü­ne çe­ki­ji, yg­ty­bar­ly we gel­je­gi uly hyz­mat­daş bol­ma­ga şert dö­red­ýär.

Bi­ta­rap­lyk Türk­me­nis­ta­nyň şu ýyl dün­ýä­de 80 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bel­le­nil­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik dia­lo­gynyň esa­sy şer­ti hök­mün­de çy­kyş ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy we örän mö­hüm äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri çöz­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak­da, has giň ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga ada­lat­ly we saz­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri tas­syk­la­mak­da BMG-niň ýur­du­my­za jo­gap­kär­li hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Biz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňel­de­ris, mil­li, se­bit hem-de äh­lu­mu­my mak­sat­na­ma­la­ry dö­ret­mä­ge we ama­la aşyr­ma­ga ün­si jem­le­me­gi, ola­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri çek­me­gi ga­za­na­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Türk­men döw­le­ti­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň hal­ka­ra we se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ne­ti­je­li, dö­re­di­ji­lik­li tä­si­ri aý­dyň gö­rün­ýär. Mu­nuň özi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň art­ýan gol­da­wyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyl­lar­da Baş As­samb­le­ýa­nyň «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal BMG-niň çä­gin­de Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň bir my­sa­ly­dyr. Bu my­sal­lar Bi­ta­rap­ly­gyň, onuň bin­ýat­lyk ka­da­la­ry­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tej­ri­be­sin­de bar­ha äh­mi­ýet­li we mö­hüm ýag­da­ýa öw­rül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz Bi­ta­rap­ly­gyň üýt­gew­siz gur­luş däl-de, dö­wür bi­len aýak­daş gid­ýän hem-de tä­ze üýt­geş­me­ler­dir me­ýil­le­re ses­len­ýän jan­ly dö­re­di­ji­lik ýag­da­ýy­dy­gy­ny he­mi­şe bel­le­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki za­ma­nyň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­led­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy we hä­zir­ki şert­ler­de onuň aý­ra­tyn ze­rur­lyk­dy­gy­na, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga, ag­za­la­lyk­la­ry we çap­raz­lyk­la­ry öz wag­tyn­da gep­le­şik­le­re ug­ruk­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Biz Bi­ta­rap­ly­gy sy­ýa­sy we iş ýü­zün­dä­ki plat­for­ma hök­mün­de peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýä­ris, şo­nuň esa­syn­da hä­zir­ki dö­wür­de yla­la­şy­gy, dü­şü­niş­me­gi, ýa­ra­şy­gy ga­zan­ma­gyň ýol­la­ry­ny we usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Bi­ta­rap­lyk bäh­bit­le­riň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň hem-de saz­la­şy­gy­nyň, hor­mat goý­mak we deň­hu­kuk­ly­lyk dia­lo­gy­nyň, prag­ma­tik, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­sy­na, ahyr­ky ne­ti­je­de, äh­lu­mu­my geo­sy­ýa­sy de­ňag­ram­ly­ly­gy ga­zan­ma­gyň şert­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip bi­ler di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. Öza­ra bäh­bit­li, dost­luk­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry öz Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ös­dür­ýän Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si Bi­ta­rap­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny we ony Ýer ýü­zü­niň dür­li künjeklerinde ula­nyp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip pi­kir ed­ýä­rin di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­mek ul­ga­myn­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­le­ri­ni we usul­la­ry­ny giň­den peý­da­lan­ýan Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň baý tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, şeý­le hem Bi­ta­rap­ly­gyň tej­ri­be hä­si­ýe­ti­ni ös­dür­mek, yl­my-bar­lag, bi­lim işi­ni ama­la aşyr­mak üçin Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz bu baş­lan­gy­jyň gol­daw tap­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, ýur­du­my­zyň dost­la­ry­myz we hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len şu me­se­lä jik­me-jik se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy ba­ra­da aý­dyp, bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň ha­ky­ky özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň we Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ka­nu­na­la­ýyk ne­ti­je­si­di­gi­ne ün­si çek­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, öz­baş­dak, oý­la­ny­şyk­ly we yzy­gi­der­li Bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp ba­ryp, ýur­du­myz, oza­ly bi­len, öz döw­let­li­li­gi­niň berk esas­la­ry­na, ta­ry­hy do­wa­mat­ly­ly­ga, türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­li­gi­ne we gol­da­wy­na, äh­li halk­lar­dyr döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­da, yla­la­şyk­ly­lyk­da, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­ma­gy wes­ýet eden ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýar. “Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy” we “Bi­ta­rap­ly­gy” di­ýen dü­şün­je­ler bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr hem-de bi­te­wü­dir. El­bet­de, biz mak­sat­la­ry­my­zy we we­zi­pe­le­ri­mi­zi hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň, bü­tin dün­ýä­de köp san­ly dost­la­ry­my­zyň hem-de pi­kir­deş­le­ri­mi­ziň giň­den gol­da­ýan­dy­gy­ny, ola­ra dü­şün­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­ýä­ris we mu­ňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Bu gol­daw Türk­me­nis­ta­na gel­je­gi­ne umyt­ly ga­ra­ma­ga, mun­dan beý­läk­ki bi­le­lik­dä­ki işi­niň me­ýil­na­ma­sy­ny ynam­ly düz­mä­ge kö­mek ed­ýär. Bi­zi halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy hem-de yla­la­şy­gy ga­zan­ma­ga, ola­ryň iler­le­me­gi­ne, aba­dan­çy­ly­gy­na yzy­gi­der­li, iş­jeň, ne­ti­je­li gat­naş­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we hem­me­le­re fo­ru­ma gat­naş­ýan­dyk­la­ry hem-de Türk­me­nis­tan bi­len dost­lu­gy, hyz­mat­daş­ly­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­ýan­dyk­la­ry üçin ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­ne söz ber­di.

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ýan­dy­gy­na şat­dy­gy­ny aý­dyp, mun­dan 30 ýyl ozal, 12-nji de­kabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni res­mi taý­dan ber­ki­den Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi­niň buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dy­gy­ny bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bu se­ne Türk­me­nis­tan­da mil­li baý­ram hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Soň­ra türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça hut şol gün BMG ta­ra­pyn­dan “Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni” diý­lip yg­lan edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny bu şan­ly wa­ka bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ni hem-de äh­li türk­men hal­ky­ny tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan 30 ýyl ozal he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­ny saý­lap al­ma­gy­nyň Ga­raş­syz we özyg­ty­ýar­ly döw­let hök­mün­de stra­te­gik ösüş ug­ru­ny kes­git­län­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de we dün­ýä­de uly hor­mat­dan, ab­raý­dan peý­da­lan­ýan ýurt­du­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan baý ta­ry­hy, me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­na da­ýan­mak bi­len, yzy­gi­der­li ös­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da, dur­muş ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re ýet­ýär. Ýurt oňyn, oý­la­ny­şyk­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar, se­bit hem-de hal­ka­ra de­re­je­de howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar, dün­ýä pro­ses­le­rin­de oňyn hyz­mat­daş­lyk, öza­ra yna­nyş­mak ýag­da­ýy­nyň ke­ma­la gel­me­gi üçin yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär.

Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri türk­men ta­ra­py­nyň taý­ýar­lan Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, onuň şu ge­zek­ki fo­ru­myň do­wa­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki işiň mö­hüm ne­ti­je­si bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy hem-de Rus­si­ýa­nyň bu res­mi­na­ma­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny, on­da be­ýan edi­len, BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­da ber­ki­di­len hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ýö­rel­ge­le­ri­ne berk yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ýö­rel­ge­le­riň ha­ta­ryn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk; ýurt­la­ryň we halk­la­ryň öz­bo­luş­ly ösüş nus­ga­sy­na, dün­ýä­ga­raý­şy­na, ýö­rel­ge­le­ri­ne we di­ni ynan­jy­na bo­lan hu­kuk­la­ry­na hor­mat goý­mak ýa­ly tag­lym­lar bar.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň 2026-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk et­jek­di­gi­ni bel­läp, bu iş­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy üçin rus­si­ýa­ly kär­de­şi­ne çuň­ňur min­net­dar­lyk bil­di­rip, çy­kyş­da hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­niň be­ýan edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Ýur­du­myz öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ru­hun­da yna­nyş­ma­gy ber­kit­mä­ge, dur­nuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li dia­lo­gy do­wam et­dir­me­gi mak­sat edin­ýär.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­na söz ber­di.

Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­ny, fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ata Wa­ta­ny ha­sap­la­ýan türk­men top­ra­gyn­da ýe­ne-de bir ge­zek bol­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le-de ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze bu şan­ly gün­de hal­ka­ra fo­ru­myň gu­ra­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Tür­ki­ýe­de Türk­me­nis­ta­nyň her bir ga­zan­ýan üs­tün­li­gi­ne gu­wa­nyl­ýar we be­ge­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ykdysadyýeti çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän ýurtlarynyň bi­ri­ne öw­rül­di. Tür­ki­ýe hem-de Türk­me­nis­tan umu­my ta­ry­hy bo­lan do­gan­lyk ýurt­lar­dyr. Türk we türk­men halk­la­ry bir kök­den gaýd­ýan iki do­gan­lyk halk­lardyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny il­kin­ji bo­lup yk­rar eden Tür­ki­ýe onuň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny gol­dan­la­ryň hem il­kin­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­dyr. Tür­ki­ýe Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk ba­bat­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry­ny gol­da­mak bi­len, äh­li ul­gam­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär, raý­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ýar. Biz ma­ýa go­ýum, söw­da, ener­ge­ti­ka we beý­le­ki ul­gam­lar­da­ky ta­gal­la­la­ry­my­zyň üs­tü­ni berk yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar bi­len ýe­tir­ýä­ris di­ýip, Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bel­le­di we Tür­ki­ýä­niň Türk­me­nis­tan bi­len umu­my aba­dan­çy­lyk ug­run­da he­mi­şe hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti çy­ky­şyn­da hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri ba­ra­da-da du­rup geç­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­ny we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­ny ta­ry­hy kök­le­riň umu­my­ly­gy­nyň, me­de­ni­ýet­le­ri­niň ýa­kyn­ly­gy­nyň, köp­ýyl­lyk do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny, iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem, ab­raý­ly se­bitleýin we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny­nyň çy­ky­şyn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry dur­nuk­ly­laş­dyr­mak üçin esas bo­lup dur­ýan pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­niň gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de döw­let­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len dia­lo­gy gol­da­ýan­dy­gy üçin Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Soň­ra Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kia­na söz be­ril­di.

Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­kian fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne we hal­ky­na ho­şal­lyk bil­di­rip, bu çä­rä­niň ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da dö­re­di­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry ýur­duň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny gör­kez­ýän wa­jyp baş­lan­gyç­dyr. Üç ýyl mun­dan ozal Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bu baş­lan­gy­jy buý­sanç bi­len gol­dap, hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Bu gün hem biz pa­ra­hat­çy­ly­gy söý­ýän eý­ran hal­ky­nyň adyn­dan hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­de pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da hyz­mat­daş­lyk ta­gal­la­la­ry­ny do­ly gol­da­ýan­dy­gy­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­ýa­rys di­ýip, Eý­ra­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny aýt­dy. Şeý­le-de ol pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň di­ňe deň­hu­kuk­ly dia­log, hyz­mat­daş­lyk, hal­ka­ra hu­ku­ga hor­mat goý­mak ar­ka­ly müm­kin­di­gi­ni bel­läp, bu fo­ru­myň umu­my mak­sat­la­ry iler­let­mek, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, ösü­şi üçin bin­ýa­dy dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz baý maz­mun­ly çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň hal­ka­ra dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we ýurt­la­ryň ara­syn­da yna­nyş­ma­gyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri goz­gan­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­tan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hor­mat­la­ma­ga, açyk­ly­ga we öza­ra gol­da­wa esas­lan­ýan ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry sak­lap gel­ýär­ler. Bu dur­nuk­ly däp­ler giň ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy dep­gin­li ber­kit­mek üçin yg­ty­bar­ly esa­sy dö­red­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we söz ber­di. Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lygyny aýdyp, şu gün Türk­me­nis­tan­da ta­ry­hy se­nä­niň — he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram edil­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty Türk­me­nis­ta­na hal­ka­ra de­re­je­de ab­raý ge­tir­di. Ol ýur­duň uly ta­ry­hy üs­tün­li­gi­ne, onuň pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di. Bu sy­ýa­sat giň Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da dur­nuk­ly ösü­şe uly go­şant goş­dy. Şeý­le we­kil­çi­lik­li fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yna­nyş­ma­gy we hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­dä­ki aý­ra­tyn or­nu­ny tas­syk­la­ýar. Bu ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­da be­ýan edil­jek ga­ra­ýyş­lar­dyr tek­lip­le­riň XXI asyr­da bi­ta­rap­ly­gyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn di­ýip, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew bel­le­di.

Ga­zak Li­de­ri bu ugur­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­ti­ren ta­ry­hy hyz­mat­la­ry­na ün­si çe­kip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm teklipleri öňe sür­ýän ýurt hök­mün­de yk­rar edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Ol Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­gy­nyň türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk me­de­ni we ru­hy däp­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li, akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ryn­da bu mö­hüm ýö­rel­gä­niň öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak, adam­kär­çi­lik ýa­ly esa­sy gym­mat­lyk­lar türk­men döw­le­ti­niň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ga­za­gys­tan bu mö­hüm Ka­rar­na­ma­ny gol­da­dy. Çün­ki pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak bi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­my­zyň esa­sy bin­ýa­dy­dyr. Biz pa­ra­hat­çy­lyk­ly, de­ňag­ram­ly dip­lo­ma­ti­ýa­ny alyp bar­ýa­rys, ne­ti­je­li dia­lo­ga ym­tyl­ýa­rys, äh­lu­mu­my we se­bit­le­ýin howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýä­ris di­ýip, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti aýt­dy hem-de dur­nuk­ly ösüş üçin pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Ol çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­de, mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek­de şu gün­ki fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, onuň işi­ne üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çuň maz­mun­ly çy­ky­şy üçin ga­zak Li­de­ri­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­ny yna­nyş­ma­ga we pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şaş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek däp­le­ri­ne esas­lan­ýan köp­ýyl­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­ta­nyň ab­raý­ly hal­ka­ra, se­bit gu­ra­ma­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň iki ýur­duň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi we raý­daş­ly­gy ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Soň­ra Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­ro­wa söz be­ril­di. Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik we fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin ho­şal­lygyny beýan edip, pa­ra­hat­çy­ly­gy, öza­ra yna­nyş­ma­gy, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mö­hüm çä­rä gat­naş­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy. Ol 30 ýyl mun­dan ozal Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy” at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi­niň bu ýag­da­ýy hal­ka­ra hu­kuk taý­dan tas­syk­la­nan üýt­gew­siz ýö­rel­ge hök­mün­de gör­ke­zen­di­gi­ni we pa­ra­hat­çy­ly­gy, ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ýan döw­let hök­mün­de ýur­duň taryhynyň tä­ze tap­gy­ry­na ýol açan­dy­gy­ny aýt­dy. Ge­çen ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan öz saý­lap alan Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­nyň dog­ru­dy­gy­ny we stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­ni su­but et­di. Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si içer­ki sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy, jem­gy­ýet­dä­ki yla­la­şy­gy üp­jün et­di, ýur­duň yzy­gi­der­li ösü­şi üçin berk bin­ýa­dy goý­dy. Mu­nuň esa­syn­da giň ge­rim­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, iri inf­rast­ruk­tu­ra we dur­muş mak­sat­ly tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýol açyl­dy. Bi­ta­rap­lyk di­ňe bir hu­kuk de­re­je­si bol­man, eý­sem, döw­let ösü­şi­niň we mil­li stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy bö­le­gi bo­lan hal­ka­ra sy­ýa­sy fi­lo­so­fi­ýa hem öw­rül­di di­ýip, Pre­zi­dent Sa­dyr Ža­pa­row sö­zü­ni do­wam et­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­le­ýin me­se­le­le­ri çöz­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär. Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de açyk dia­log, bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek we ut­ga­şyk­ly he­re­ket et­mek has ze­rur­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky öň­den­gö­rü­ji­lik­li or­ny Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek, hyz­mat­daş­lyk üçin mö­hüm şert­le­ri dö­ret­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy bu baş­lan­gy­ja ýo­ka­ry ba­ha ber­di we onuň iş­jeň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş et­di.

Şeý­le-de Pre­zi­dent Sa­dyr Ža­pa­row şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, onuň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­la­ra hal­ka­ra gol­da­wy güýç­len­dir­mek, ulag-lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, inf­rast­ruk­tu­ra dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy­na ün­si çek­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty dur­nuk­ly ösü­şiň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň ne­ti­je­li bin­ýa­dy bo­lup bil­jek­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man bel­le­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny we türk­men hal­ky­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz baý maz­mun­ly çy­ky­şy üçin Pre­zi­dent Sa­dyr Ža­pa­ro­wa min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň be­ýan eden ga­ra­ýyş­la­ry­nyň se­bit­de öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mek, hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar dep­gin­li ös­dü­ril­ýär hem-de anyk ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz BMG-niň, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk edip, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry gol­da­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de umu­my pa­ra­hat­çy­ly­ga, dur­nuk­ly­ly­ga, ösü­şe ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Soň­ra Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­na söz be­ril­di. Ol, il­ki bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na şu gün­ki mö­hüm çä­rä­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­ny he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aş­ga­bat­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li dip­lo­ma­ti­ýa berk yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ge­çen 30 ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da ne­ti­je­li orun eýe­läp bil­jek­di­gi­ni gör­kez­di. Dün­ýä­niň hä­zir­ki geo­sy­ýa­sy ýag­daý­la­ryn­da 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek­de, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de hyz­mat­daş­lyk, dur­nuk­ly ösüş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­de wa­jyp orun eýe­le­ýär hem-de çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri öza­ra dü­şü­niş­mek, umu­my jo­gap­kär­çi­lik ýag­da­ýyn­da çöz­mek üçin şert dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dur­nuk­ly ösü­şiň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak we dur­muş-yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak üçin hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ut­ga­şyk­ly çä­re­le­ri gör­me­gi ze­rur­dyr. Şol bir wag­tyň özün­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly eko­lo­gik me­se­le­ler bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ ta­lap ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar bi­len bu işe he­mi­şe öz go­şan­dy­ny goş­ýar di­ýip, Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti sö­zü­ni jem­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz çy­ky­şy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň we onuň hal­ky­nyň ady­na aý­dan hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin dost­luk­ly ýur­duň Pre­zi­den­ti­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni hem-de onuň köp­ýyl­lyk yna­nyş­ma­ga, dost­lu­ga da­ýan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýurt­la­ry­my­zyň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da ed­ýän bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de hem, ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­kyş et­mek üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we söz ber­di. Goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny sö­zü­niň ba­şyn­da fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy we bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi we äh­li türk­men hal­ky­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu mö­hüm se­ne Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew fo­ru­myň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik işi­ni iler­let­mek, döw­let­le­riň ara­syn­da yna­nyş­mak we öza­ra hor­mat goý­mak me­de­ni­ýe­ti­ni ber­kit­mek üçin mö­hüm sy­ýa­sy plat­for­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň türk­men hal­ky­nyň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, onuň ga­dy­my däp-des­sur­lar­dan, me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le-de öz­bek Li­de­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk fi­lo­so­fi­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek­de we wa­jyp baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de eýe­le­ýän uly or­nu­ny bel­läp, bu sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si beý­le­ki döw­let­le­riň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na we çäk bi­te­wü­li­gi­ne hor­mat goý­mak, içer­ki iş­le­ri­ne go­şul­maz­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­läp, şol bir wag­tyň özün­de oňyn hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­jeň pa­ra­hat­çy­lyk hem-de dip­lo­ma­tik baş­lan­gyç­lar bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Aş­ga­bat­da­ky BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­ziniň ne­ti­je­li işi­ni we onuň se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge go­şan­dy­ny my­sal ge­tir­di. Öz­be­gis­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň stra­te­gik ga­ra­ýyş­la­ry, da­şa­ry sy­ýa­sy çe­me­leş­me­le­ri ýa­kyn­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, biz Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny gol­da­ýa­rys di­ýip, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bel­le­di.

Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da öz­bek Li­de­ri hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra dia­lo­gyň aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Öz­be­gis­tan bu baş­lan­gy­jy do­ly gol­da­dy hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň aw­tor­daş­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Biz bu baş­lan­gy­ja ýurt­la­ry bir­leş­dir­ýän, gap­ma-gar­şy­ly­gy ara­dan aýyr­ýan we me­se­le­le­ri gep­le­şik­ler ar­ka­ly çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän, halk­la­ryň je­bis­leş­me­gi, hyz­mat­daş­lyk et­me­gi üçin esa­sy plat­for­ma hök­mün­de ga­ra­ýa­rys di­ýip, Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew aýt­dy. Çy­kyş­da Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka we suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy, dur­nuk­ly ulag bag­la­ny­şy­gy, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ň äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­dä­ki or­ny bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, şu ýy­lyň aw­gus­tyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň umu­my aba­dan­çy­ly­gyň esa­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, bu gym­mat­lyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­si bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de Öz­be­gis­ta­nyň işe mun­dan beý­läk-de öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz­bek kär­de­şi­ne ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dur­nuk­ly hem-de ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ulag-lo­gis­ti­ka gat­na­şyk­la­ry­ny, yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li gi­ňel­di­lip, iki hal­kyň dur­nuk­ly ösü­şi­ne, aba­dan­çy­ly­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de çy­ky­şy üçin Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Soň­ra Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Waagn Ha­ça­tur­ýa­na söz be­ril­di. Ol Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­rum­da çy­kyş et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, bu mö­hüm çä­rä­ni gu­ra­ýan­dy­gy hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy, bi­ta­rap­ly­gy yzy­gi­der­li iler­led­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne ho­şal­lyk bil­dir­di.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar ar­ka­ly çöz­mek, döw­let­le­riň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iler­let­mek üçin mö­hüm bin­ýa­dy dö­red­ýär. Şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let diý­lip yk­rar edil­me­gi­ne 30 ýyl dol­ýar. Şu ge­çen dö­wür­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň wa­jyp­ şer­ti hök­mün­de öz äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­di. Biz Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk, yna­nyş­mak we dia­log tag­lym­la­ry­ny iler­let­mek ar­ka­ly hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­ga, howp­suz­ly­ga goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň BMG-de bu ugur­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­ny he­mi­şe gol­da­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk dia­lo­gy, ada­lat­ly­ly­gy, adam hu­kuk­la­ry­ny we mer­te­be­si­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ta­lap ed­ýär. Döw­let­ler­dir halk­la­ryň ara­syn­da yna­nyş­ma­gyň dö­re­dil­me­gi pa­ra­hat­çy­ly­gy dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­ýan bin­ýat­dyr di­ýip, Pre­zi­dent Waagn Ha­ça­tur­ýan nyg­ta­dy.

“Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­ny, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­ny bel­le­mek bi­len, dia­log, öza­ra dü­şü­niş­mek, hyz­mat­daş­lyk ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy iler­let­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­my­zy tas­syk­la­lyň!” di­ýip, Er­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti çy­ky­şy­ny jem­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çuň ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Pre­zi­dent Waagn Ha­ça­tur­ýa­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan bi­len Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak, dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­rin­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Biz Er­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. En­çe­me mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça ýurt­la­ry­my­zyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň la­ýyk gel­me­gi pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly­lyk we hyz­mat­daş­lyk ide­ýa­la­ry­ny iler­let­mä­ge ýar­dam ber­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we çy­ky­şy üçin er­me­ni kär­de­şi­ne ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­dir­di.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ab­dul La­tif Ra­şi­de söz ber­di. Ol, il­ki bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan bu mö­hüm fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin türk­men ta­ra­py­na çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň dia­lo­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi se­bit­de hem-de dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň esa­sy şer­ti hök­mün­de gör­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Hä­zir­ki döw­rüň yk­dy­sa­dy, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri raý­daş­lyk, yna­nyş­mak we umu­my jo­gap­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­ly­gy ta­lap ed­ýär. My­na­syp dur­muş hem-de aba­dan­çy­lyk bi­ziň halk­la­ry­my­zyň mak­sa­dy­dyr di­ýip, Pre­zi­dent Ab­dul La­tif Ra­şid aýt­dy we bu fo­ru­my gu­ran­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz çy­ky­şy üçin Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň hal­ka­ra dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we dia­lo­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da du­rup ge­çen­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat­la­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ýar. Bu bol­sa sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz San-To­me we Prin­si­pi De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Kar­los Ma­nuel Wi­la No­wa söz ber­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we türk­men hal­ky­na Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry­ny be­ýan et­di.

Kar­los Ma­nuel Wi­la No­wa çy­ky­şyn­da se­bit­le­ýin dur­nuk­ly­ly­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň, açyk dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ola­ryň döw­le­tiň gül­läp ös­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän esa­sy sü­tün­ler­di­gi­ni aýt­dy. Şun­da bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek­de äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di. Ol bi­ta­rap­ly­gyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni, onuň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry ös­dür­mä­ge, hä­zir­ki döw­rüň me­se­le­le­ri­ne de­ňag­ram­ly çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ruh­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. San-To­me we Prin­si­pi De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­ta­rap­ly­gyň deň­hu­kuk­ly yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýan­dy­gy­na üns çe­kip, bu kon­sep­si­ýa­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek, azyk hem-de ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy üçin Pre­zi­dent Kar­los Ma­nuel Wi­la No­wa min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan San-To­me we Prin­si­pi De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň äh­lu­mu­my gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şaş­mak we ne­ti­je­li dia­log ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän­di­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ýur­du­myz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de San-To­me we Prin­si­pi bi­len hyz­mat­daş­ly­ga döw­let­le­riň ara­syn­da dur­nuk­ly ösü­şe we öza­ra dü­şü­niş­mä­ge umu­my ça­lyş­ma­gyň mö­hüm dü­zü­mi hök­mün­de ga­ra­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Soň­ra Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mu­ham­mad Şah­baz Şa­ri­fe söz be­ril­di. Ol Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän bu mö­hüm çä­rä gat­naş­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu hu­kuk de­re­je­si BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Bu bol­sa hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri şu gün Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni, bu se­nä­niň ýy­lyň-ýy­ly­na Aş­ga­bat­da türk­men hal­ky bi­len bi­le­lik­de hal­ka­ra de­re­je­de baý­ram edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol şu ýyl bu se­nä­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi­ni, çün­ki BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan eden­di­gi­ni aýt­dy hem-de yna­nyş­ma­gyň hal­ka­ra dur­nuk­ly­ly­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy bin­ýa­dy ha­sap­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy we dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ugur ýur­du­my­zyň ta­ry­hy taý­dan ke­ma­la ge­len da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry bo­lup, ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da be­lent mer­te­be­li myh­man ýur­du­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ün­si çek­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk, dur­nuk­ly ösüş we hal­ka­ra dia­log ug­run­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä de­re­je­sin­de giň yk­rar­na­ma eýe bol­ýar. Ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji we hyz­mat­daş­lyk mer­ke­zi hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Aw­gust aýyn­da Awa­za­da BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­lyk köp­rü­le­ri­ni gur­ýan ýurt hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la aý­dyň gör­kez­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän gü­nün­de ge­çi­ri­len bu fo­ru­myň gel­jek üçin pa­ra­hat­çy­ly­ga, hyz­mat­daş­ly­ga we dur­nuk­ly ösü­şe bo­lan yg­rar­ly­ly­gy tas­syk­la­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­kyş üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len öza­ra dü­şü­niş­mä­ge, umu­my mak­sat­la­ra esas­la­nan hyz­mat­daş­ly­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hut şeý­le çe­me­leş­me iki hal­kyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne gel­je­gi uly tas­la­ma­lar üçin berk esa­sy dö­red­ýär. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýurt­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri­ne, mu­nuň bol­sa se­bit­de ösüş üçin dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Irak­liý Ko­ba­hid­zä söz ber­di. Ol hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi pa­ra­hat­çy­lyk, hyz­mat­daş­lyk we yna­nyş­mak ýa­ly ýö­rel­ge­le­re ça­gyr­ýan mö­hüm se­ne­di­gi­ni bel­le­di. Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne se­bit­le­ýin hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­de dia­lo­gy, hyz­mat­daş­ly­gy, oňyn gat­na­şy­gy ös­dür­mek­dä­ki yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Hä­zir­ki wagt­da adam­za­dyň öňün­de dur­ýan mö­hüm me­se­le­le­riň, şol san­da gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly we­him­le­riň çö­zül­me­gin­de pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak mö­hüm­dir di­ýip, dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bel­le­di hem-de şu ba­bat­da bu fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Gru­zi­ýa hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge do­ly yg­rar­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Prem­ýer-mi­nistr Irak­liý Ko­ba­hid­ze gru­zin ta­ra­py­nyň dur­nuk­ly gel­je­giň di­ňe ýa­kyn dia­lo­ga, yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ra we umu­my mak­sat­la­ra esas­lan­ýan­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da ol äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu fo­ru­myň wa­jyp baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek­de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni aý­dyp, onuň işi­ne üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Prem­ýer-mi­nistr Irak­liý Ko­ba­hid­zä çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň çy­ky­şyn­da se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de hal­ka­ra dia­lo­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ni iler­let­mä­ge de­giş­li mö­hüm ga­ra­ýyş­la­ryň bel­le­ni­len­di­gi­ni aýt­dy. Bu ugur­la­ryň uzak möh­let­le­ýin ösü­şi, öza­ra bag­la­ny­şy­gy üp­jün et­mek üçin uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr.

Soň­ra Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ali Asa­do­wa söz be­ril­di. Ol fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin türk­men ta­ra­py­na ho­şal­lyk bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si res­mi taý­dan yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan 30 ýy­lyň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­di. Azer­baý­jan Türk­me­nis­ta­nyň BMG-de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­dy we 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup çy­kyş et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Azer­baý­ja­nyň Türk­me­nis­ta­nyň bu baş­lan­gyç­la­ry­na pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­na wa­jyp go­şant hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny, BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ta­ry­hy kök­le­re, ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ra, dost-do­gan­ly­ga esas­lan­ýar. Ol soň­ky ýyl­lar­da dep­gin­li ösü­şe eýe bol­dy. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk­da tä­ze sa­hy­pa­ny açan öza­ra sa­par­lar hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr di­ýip, Prem­ýer-mi­nistr sö­zü­ni do­wam et­di. Ol şu ýy­lyň iýu­lyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň Azer­baý­ja­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, onuň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­jä çy­ka­ran­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak üçin mö­hüm plat­for­ma öw­rü­len Azer­baý­jan, Türk­me­nis­tan, Öz­be­gis­tan üç­ta­rap­la­ýyn ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.

Azer­baý­jan bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk yk­dy­sa­dy, ulag, ener­ge­ti­ka ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Fi­zu­li şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şä­her­de met­jit gur­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy üçin min­net­dar­lyk ha­ty­ny iber­en­dik­le­ri­ni buý­sanç bi­len ýat­la­dy. Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri türk­men hal­ky­ny Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gi­ňiş­le­ýin çy­ky­şy üçin dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de onuň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça bel­läp ge­çen ugur­la­ry­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi iler­let­mek üçin mö­hüm esas bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly­lyk­da, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we açyk dia­log ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­giň iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de hem, BMG-niň, beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de hem bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry iler­let­mek­de amat­ly şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Es­wa­ti­ni Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ras­sel Dla­mi­nä söz be­ril­di. Ol Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän bu ta­ry­hy fo­ru­ma ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de gat­naş­ma­gyň Es­wa­ti­ni Pa­ty­şa­ly­gy üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň äh­li ýurt­lar we halk­lar bi­len açyk, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň bu ug­ry saý­lap alyp, pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni nus­ga­lyk hä­si­ýe­te öwür­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Prem­ýer-mi­nistr Ras­sel Dla­mi­ni ýur­duň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len­di­gi­ni, mu­nuň Türk­me­nis­ta­nyň be­lent hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny şert­len­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy üçin be­lent mer­te­be­li myh­ma­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, äh­li döw­let­ler, şol san­da Af­ri­ka yk­ly­my­nyň ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Türk­me­nis­tan Es­wa­ti­ni Pa­ty­şa­ly­gy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga, ýur­duň öza­ra dia­log ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän­di­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Bu çe­me­leş­me­ler Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­ga, dur­nuk­ly­ly­ga hem-de deň­hu­kuk­ly­ly­ga gö­nük­di­ri­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ide­ýa­la­ry­na köp ba­bat­da la­ýyk gel­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mýan­ma Bi­le­le­şi­gi Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Nýo So söz ber­di. Ol bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Mýan­ma­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne we hal­ky­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň bu hal­ka­ra fo­ru­my gu­ra­ma­gy dia­lo­gy, öza­ra dü­şün­me­gi, pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mä­ge üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty 30 ýy­lyň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, dia­log ýö­rel­ge­le­ri­niň se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant go­şup gel­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dip­lo­ma­ti­ýa­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Prem­ýer-mi­nistr Nýo So fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ry mun­dan beý­läk-de iler­let­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mýan­ma­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­ne çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň ugur­la­ry ba­bat­da be­ýan eden ga­ra­ýyş­la­ry­nyň döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin gym­mat­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­di­rip, we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­nyň, tek­lip­dir ga­ra­ýyş­la­ry­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­jak gel­jek­ki iş­ler üçin esas bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Umu­man, bi­ziň bu fo­ru­my­my­zyň oňa gat­na­şy­jy­la­ra şu mak­sat­lar üçin bi­ta­rap­lyk usul­la­ry­ny peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn se­ret­me­gi tek­lip ed­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we gys­ga ara­kes­me­den soň­ra, pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň hem-de iler­let­me­giň bäh­bi­di­ne köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin fo­ru­myň işi­ni do­wam et­me­gi tek­lip et­di.

Ara­kes­me­den soň­ra, ple­nar mej­lis türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz il­ki ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de res­mi su­ra­ta düş­di.

Mil­li Li­de­ri­miz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­le­ýän­di­gi­ni, bu wa­jyp se­nä­niň Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti üçin äh­mi­ýet­li wa­ka­dy­gy­ny, onuň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da­ky tap­gyr­la­ýyn sep­git­di­gi­ni bel­le­di. Döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edil­me­gi dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge, yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan ýurt hök­mün­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we hem­me­le­ri Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­da mü­bä­rek­le­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin çuň­ňur min­net­dar­lyk bil­dir­di. Fo­rum dün­ýä­niň köp san­ly döw­let­le­ri­niň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny hem-de we­kil­le­ri­ni, sy­ýa­sat­çy­la­ry, dip­lo­mat­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Bu mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň giň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi Türk­me­nis­tan­a go­ýul­ýan hor­ma­tyň hem-de yna­myň, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sy­ýa­sat­da­ky oňyn or­nu­nyň, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na goş­ýan go­şan­dy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Fo­rum­da ga­ral­jak me­se­le­ler dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ni, dün­ýä döw­let­le­ri­niň ok­gun­ly hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­gi, dur­muş, yn­san­per­wer hä­si­ýet­li bir­nä­çe çä­re­le­re ga­ra­ma­gy, hä­zir­ki wagt­da öňü­miz­de dur­ýan äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň beý­le­ki ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 2025-nji ýy­lyň do­wa­myn­da, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de beý­le­ki ýurt­lar­da­ky hyz­mat­daş­lar, kö­pu­gur­ly bir­le­şik­ler hem-de eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­tan mak­sa­da ok­gun­ly oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat iş­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­di. Bu iş­ler se­bit we hal­ka­ra for­mat­lar­da dür­li de­re­je­ler­de al­nyp ba­ryl­dy hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn ýag­daý­da ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi üçin şert­ler dö­ret­mek, dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da yna­my gaý­ta­dan di­kelt­mek, dia­lo­g me­de­ni­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­mek ýa­ly umu­my mak­sat bi­len bir­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýö­rel­ge­ler­dir mak­sat­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Dün­ýä gur­lu­şy­nyň köp ugur­la­ry bo­ýun­ça dür­li çe­me­leş­me­le­riň eme­le ge­len şert­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy ka­nu­na­la­ýyk­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­sy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm wa­ka­sy bol­mak bi­len, BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň, tu­tuş dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, sy­ýa­sy we dip­lo­ma­tik to­par­la­ryň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne da­hyl­ly adam­la­ryň aňyn­da uly äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de orun al­dy. Köp san­ly ýurt­lar bu ugur­da iň wa­jyp me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­da, oňyn, öza­ra hor­ma­ta esas­lan­ýan söh­bet­deş­lik ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­di­ler.

El­bet­de, bi­ziň baş­lan­gy­jy­myz tö­tän­le­ýin däl­dir. Bu baş­lan­gyç Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dur­nuk­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň, dür­li çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ry di­ňe sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar hem-de usul­lar ar­ka­ly çöz­mek üçin oňyn şert­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, Bi­ta­rap döw­let hök­mün­dä­ki köp­ýyl­lyk ta­gal­la­la­ry­nyň ka­nu­na­la­ýyk tap­gy­ry­na öw­rül­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly şeý­le müm­kin­çi­li­gi dö­red­ýär. Şo­ňa gö­rä, onuň äh­mi­ýe­ti, ha­ky­kat­dan-da, äh­lu­mu­my de­re­jä çyk­ýar di­ýip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä dür­li ýag­daý­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly çyl­şy­rym­ly döw­ri baş­dan ge­çir­ýär. Şun­da äh­li jo­gap­kär­li, sag­dyn, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji güýç­le­riň je­bis­leş­me­gi, ola­ryň ag­zy­bir­li­gi hem-de çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra, howp­suz­ly­gyň äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­nyň bo­zul­ma­gy­na howp sal­ýan we­him­le­re gar­şy dur­ma­ga taý­ýar­ly­gy ozal­ky­lar­dan has ze­rur­dyr. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da­ky dün­ýä me­se­le­le­ri­ne dur­mu­şa ukyp­ly, ha­ky­ky ýag­da­ýa gö­rä çe­me­le­şil­me­gi üçin ýe­ke-täk se­riş­de hök­mün­de dia­log esa­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, sy­ýa­sa­tyň we dip­lo­ma­ti­ýa­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­niň, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň, top­la­nan yn­san­per­wer, me­de­ni mi­ra­syň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has iş­jeň we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gyn­dan ugur al­ýar. Şun­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gur­lu­şy­na, çäk öl­çe­gi­ne, ilat sa­ny­na, beý­le­ki ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, äh­li döw­let­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni oňyn de­re­je­de ut­gaş­dyr­mak­la­ry sy­ýa­sy pä­him-paý­ha­sy, erk-is­le­gi hem-de öz ga­ra­ýyş­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da biz dün­ýä­niň gel­je­gi üçin jo­gap­kär­di­ris di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we şun­da, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň nyg­taý­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn ka­nu­ny­ly­ga hem-de yg­ty­ýar­ly­ly­ga eýe bo­lan ýe­ke-täk hal­ka­ra gu­ra­ma hök­mün­de BMG-niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak ze­rur­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak esa­syn­da hyz­mat­daş­lyk BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­da ber­ki­di­len, yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk esas­la­rynyň, anyk we aý­dyň ýö­rel­ge­le­riň bol­ma­gyn­dan, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, özyg­ty­ýar­ly­lyk, beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk tag­lym­la­ryn­dan ugur al­ýar. Bu ýö­rel­ge­le­re eýer­mek pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gy, he­re­ket­le­riň anyk­ly­gy­ny üp­jün eder, bi­rek-bi­rek bi­len söh­bet­deş­lik me­de­ni­ýe­ti­niň sü­tü­ni­ni tä­ze­den gur­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Hä­zir­ki wagt­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­ny iler­let­mek, ada­ty dip­lo­ma­ti­ýa­dan baş­ga-da, gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň par­la­ment ýol­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­ny, ze­nan­lar, ýaş­lar dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz mu­nuň üçin köp ta­gal­la ed­ýär. Di­ňe soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan öz çä­gin­de bu ugur­da iri çä­re­le­ri, şol san­da we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra hem-de se­bit de­re­je­li fo­rum­la­ry ge­çir­di. Şun­da sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne tä­sir et­me­giň goş­ma­ça gu­ral­la­ry­na eýe bo­lan halk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň res­mi dip­lo­ma­ti­ýa üçin mö­hüm gol­daw bo­lup bil­jek­di­gin­den hem-de şeý­le bol­ma­ly­dy­gyn­dan ugur alyn­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan oňyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ma­gyn­da mag­lu­mat dia­lo­gy­na wa­jyp or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň bu ug­ra bi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal öňe sü­ren «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri di­ňe dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr. Mu­nuň üçin ki­ber­je­na­ýat­çy­ly­gyň hem-de met­bu­gat gi­ňiş­li­gin­de göz-gör­te­le ýa­lan mag­lu­mat­la­ryň ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň öňün­de berk bö­wet go­ýul­ma­ly­dyr.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li, üz­nük­siz, gel­je­gi ugur edin­ýän hal­ka­ra dia­log hök­mün­de ka­bul edil­ýän­di­gi­ni aý­dyp, onuň iş­le­riň giň ge­ri­mi­ni öz içi­ne al­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­si­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, aras­sa agyz su­wu­na, ho­wa, hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gy­na, il­kin­ji bi­li­me el­ýe­ter­li­lik, azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ýa­ly wa­jyp dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ril­me­gi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­gi mö­hüm ha­sap­la­ýa­rys. Gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler­dä­ki hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da­ky hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­si­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da gel­je­gi uly tä­ze hyz­mat­daş­ly­gyň “Ýol kar­ta­sy­ny” iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip ed­ýä­ris. Bu baş­lan­gy­jyň ma­ny-maz­mu­ny­ny hem-de gu­ra­ma­çy­lyk ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­rys di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Şu gün, 12-nji de­kabr­da Türk­me­nis­tan ta­ry­hy se­nä­ni — döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň hal­ka­ra bi­le­le­şik ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. Şu dö­wür­de türk­men Bi­ta­rap­ly­gy dur­mu­şa ukyp­ly­dy­gy­ny, mil­li mak­sat­la­ra, stra­te­gik we­zi­pe­le­re hem-de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki me­ýil­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň se­bit gat­na­şyk­la­ry­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let­le­ri­niň hem-de onuň bi­len ser­het­deş ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň — bi­ziň ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ne­ti­je­li, dur­nuk­ly­laş­dy­ry­jy tä­si­ri şüb­he­siz­dir. Iş tej­ri­be­si türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň bin­ýat­la­ýyn esas­la­ry­nyň BMG-niň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, onuň giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we stra­te­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni su­but et­di di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy we ýur­du­my­zyň öz Bi­ta­rap­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ka­rar edil­me­gi­ne, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­dir­mä­ge he­mi­şe taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki mak­sat­la­ry­ny, şol san­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy, iş­jeň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji, ara­çyl­lyk iş­le­ri ýa­ly gu­ral­la­ry ulan­mak ar­ka­ly ola­ra ýe­til­me­gi­ni kes­git­le­ýär. Türk­me­nis­tan bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry, şol san­da BMG-niň ara­çyl­lyk pa­la­ta­sy­ny dö­ret­mek, bi­ta­rap hem-de bi­le­le­şik­le­re go­şul­ma­ýan döw­let­le­re bu gu­ra­ma­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ta­gal­la­la­ry­nyň çäk­le­rin­de “ile­ri tu­tul­ýan hyz­mat­daş” de­re­je­si­ni ber­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri öňe sür­di. Şun­da biz BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň geog­ra­fi­ýa­sy­ny gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ze­rur­ly­gyn­dan ugur al­ýa­rys.

Türk­me­nis­tan üçin Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň di­ňe bir da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň nus­ga­sy­ däl­di­gi­ni nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Bi­ta­rap­lyk bi­ziň dün­ýä­ga­raý­şy­my­zyň, döw­let hem halk hök­mün­de öz or­nu­my­za, jo­gap­kär­çi­li­gi­mi­ze dü­şün­me­giň, hä­zir­ki za­man si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne öz­bo­luş­ly go­şan­dy­my­zyň bin­ýa­dy­dyr. Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak, öza­ra hor­mat goý­mak hem-de dü­şü­niş­mek dü­şün­je­le­ri ka­nun­çy­lyk de­re­je­sin­de ber­ki­di­lip, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň we içer­ki döw­let gur­lu­şy­nyň düýp maz­mu­ny­ny kes­git­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­myz üýt­gew­siz­dir, da­şar­ky şert­le­re we ýag­daý­la­ra, wagt­la­ýyn üýt­gäp dur­ýan şert­le­re dur­nuk­ly­dyr. Türk­me­nis­tan gün ter­ti­bi­niň äh­lu­mu­my, se­bit we iki­ta­rap­la­ýyn me­se­le­le­re äh­li çe­me­leş­me­le­ri­ni, baş­lan­gyç­la­ry­ny hem-de he­re­ket­le­ri­ni öz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si bi­len berk bag­la­nyş­dyr­ýar di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, şu gün­ki fo­rum dün­ýä ýurt­la­ry­na jo­gap­kär­çi­li­gi, öň­den­gö­rü­ji­li­gi, raý­daş­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny birleş­dir­mä­ge anyk hem-de aý­dyň ça­gy­ryş­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ga­ra­ýyş­la­ry­nyň bin­ýat­la­ýyn sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik tag­ly­mat hök­mün­de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gol­daw tap­jak­dy­gy­na, gel­je­giň hä­zir­ki za­man, berk, bi­te­wi äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek üçin ne­ti­je­li plat­for­ma bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­rys. Bi­ze bi­le­lik­de hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sag­dyn­laş­dyr­mak, yna­nyş­ma­gy, sy­ýa­sy dia­log me­de­ni­ýe­ti­ni di­kelt­mek üçin öň­de uly we­zi­pe­ler ga­raş­ýar. Şu gün­ki fo­rum bu ugur­da mö­hüm ädim­dir. Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni jem­läp, fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň we hyz­mat­daş­ly­gyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş et­mek üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Tat­ýa­na Wa­lo­wa­ýa söz ber­di. Ol çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ry­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Şol se­ne­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­di. Tat­ýa­na Wa­lo­wa­ýa pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy, äh­li türk­men hal­ky­ny şan­ly se­ne bi­len gut­la­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň gol­da­wy bi­len Že­ne­wa­da pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we bi­ta­rap­lyk me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk hä­zir­ki dö­wür­de bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni, esa­san-da, dia­lo­gyň we yna­nyş­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edi­len 2025-nji ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­di. Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi, şol bir wag­tyň özün­de dü­şü­niş­mez­lik­le­riň esa­sy se­bäp­le­ri­ni çöz­mä­ge, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len “Ýol kar­ta­sy­dyr”. Şeý­le şert­ler­de hä­zir­ki hal­ka­ra fo­rum tej­ri­be alyş­mak, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri paý­laş­mak we pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iler­let­mek ba­bat­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň geog­ra­fik ýer­le­şi­şi, da­şa­ry sy­ýa­sat­da Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne yg­rar­ly­ly­gy onuň Azi­ýa bi­len Ýa­kyn Gün­do­ga­ry we beý­le­ki se­bit­le­ri bir­leş­dir­ýän yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de çy­kyş et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­me­nis­tan halk­la­ry, ýurt­la­ry we me­de­ni­ýet­le­ri bag­la­nyş­dy­ryp, pa­ra­hat­çy­lyk köp­rü­le­ri­niň bin­ýa­dy­ny ber­kid­ýär. Sö­zü­niň ahy­ryn­da be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­ny bu ta­ry­hy se­ne bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Tat­ýa­na Wa­lo­wa­ýa min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň çy­ky­şyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň deň­hu­kuk­ly­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk­ly dia­log me­de­ni­ýe­ti­ni gol­da­ma­ga, pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ryň be­ýan edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz döw­let­le­riň we hal­ka­ra dü­züm­le­riň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça he­re­ket­le­ri­niň yla­la­şyk­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän köp­ta­rap­ly me­ha­nizm­le­riň öza­ra bag­la­ny­şy­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, onuň eda­ra­la­ry­nyň äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de wa­jyp or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­zä söz be­ril­di. Onuň çy­ky­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni res­mi taý­dan yk­rar et­me­gi ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Bu wa­ka hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de bi­ta­rap­ly­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­di. Bu baş­lan­gyç Bi­ta­rap­ly­gyň türk­men nus­ga­sy­nyň hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gat­na­şyk­lar­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni aý­dyň gör­kez­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edi­len 2025-nji ýyl ýur­duň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len ut­gaş­ýar. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we dur­nuk­ly ösü­şi berkitmäge yg­rar­ly­dy­gy­ny, 2030-njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge goş­ýan my­na­syp go­şan­dy­ny tas­syk­la­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy jo­gap­kär­çi­lik­li we iş­jeň ýö­rel­ge bo­lup, dia­lo­gy, öza­ra hor­mat goý­ma­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň bu hu­kuk de­re­je­si goň­şy döw­let­ler we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy, şol san­da Aş­ga­bat­da­ky BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we beý­le­ki we­him­le­re gar­şy bi­le­lik­de he­re­ket et­mek üçin mö­hüm plat­for­ma­ny dö­ret­di. Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty we onuň jem­le­ri esa­syn­da ka­bul edi­len Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy Türk­me­nis­tan­da dur­nuk­ly ösüş we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan se­bit­de dur­nuk­ly ösüş üçin inf­rast­ruk­tu­ra, ulag, ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny iler­led­ýär. Bu baş­lan­gyç­lar in­teg­ra­si­ýa pro­ses­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

BMG we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar hä­zir­ki wagt­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň dia­log hem-de yna­nyş­mak ar­ka­ly ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny yzy­gi­der­li nyg­ta­ýar­lar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, bi­ta­rap döw­let­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk we dia­log meý­dan­ça­sy hök­mün­de eýe­le­ýän or­ny bar­ha art­ýar di­ýip, Ka­ha Im­nad­ze aýt­dy we şu gün­ki fo­rum­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň öňe sü­ren mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň, şol san­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­daky tek­li­bi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bu baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Ka­ha Im­nad­zä min­net­dar­lyk bil­di­rip, çy­kyş­da be­ýan edi­len me­se­le­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de örän uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di we BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň gel­jek­de hem se­bi­ti­miz­de, onuň bi­len ser­het­deş çäk­ler­de ýer­leş­ýän ýurt­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mä­ge iş­jeň ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Fe­ri­dun Si­nir­liog­lu Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­da ÝHHG-ä we­kil­çi­lik et­me­gi­niň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­ne il­kin­ji sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra gat­naş­ýan­dy­gy­na örän şat­dy­gy­ny aýt­dy. Bu fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­ga we howp­suz­ly­ga de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra dia­lo­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. ÝHHG Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny giň­den gol­da­ýar. Türk­me­nis­tan 1992-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň mö­hüm hyz­mat­da­şy hök­mün­de gu­ra­ma­nyň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

Fe­ri­dun Si­nir­liog­lu çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra mun­dan beý­läk-de iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky ýe­ten sep­git­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz çuň ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň çy­ky­şyn­da howp­suz­lyk, ösüş, yn­san­per­wer ugur­la­ry bir­leş­dir­ýän dia­lo­gyň ne­ti­je­li gu­ra­ly hök­mün­de ÝHHG-niň wa­jyp or­nu­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. ÝHHG-niň howp­suz­ly­gyň tu­tuş top­lu­my­na dü­şü­nil­me­gi­ne esas­lan­ýan çe­me­leş­me­si pa­ra­hat­çy­lyk hem-de bi­ta­rap­lyk fi­lo­so­fi­ýa­sy bi­len do­ly saz­laş­ýar. Ýur­du­myz gel­jek­de-de bu dü­züm bi­len oňyn hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­di­rer.

Soň­ra Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Asad Ma­jid Ha­na söz be­ril­di. Ol BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bu mö­hüm hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň bu hu­kuk de­re­je­si­niň ge­çen dö­wür­de Baş As­samb­le­ýa­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len tas­syk­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mu­nuň özi hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na bil­dir­ýän ýo­ka­ry yna­my­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şeý­le hem bu gün biz BMG-niň Ka­rar­na­ma­sy bi­len 2017-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da esas­lan­dy­ry­lan Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ni bel­le­ýä­ris. Şu ba­bat­da bu ýyl aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Çün­ki Baş As­samb­le­ýa 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­di. Türk­me­nis­ta­nyň saý­lap alan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk nus­ga­sy döw­let­le­riň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na hor­mat goý­mak we içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk, äh­li ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­gy hoş­me­ýil­li er­ki we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu kon­sep­si­ýa ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­nyň stra­te­gik ga­raý­şy­ny be­ýan et­mek bi­len, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Pre­zi­dent Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip, Asad Ma­jid Han aýt­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy üçin be­lent mer­te­be­li myh­ma­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň çy­ky­şyn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy hök­mün­de öza­ra bag­la­ny­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­niň be­ýan edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň gi­ňiş­li­gin­de ulag ge­çel­ge­le­ri­niň, ener­ge­ti­ka koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň, söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi döw­let­le­riň ara­syn­da yna­myň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe gö­nü­den-gö­ni ýar­dam ber­ýär di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tiň ok­gun­ly ösü­şi­niň esa­sy şer­ti hök­mün­de bi­ta­rap­ly­gyň, dia­lo­gyň or­ny ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.

Soň­ra söz no­ba­ty BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Tat­ýa­na Mol­ça­na ge­çi­ril­di. Ol bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik hem-de fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin türk­men ta­ra­py­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lygyny beýan etdi. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu hal­ka­ra fo­rum hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň (SPECA) çäk­le­rin­de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.

SPECA mak­sat­na­ma­sy dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­ny dö­ret­me­gi, söw­da­ny ös­dür­me­gi 2030-njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­ni ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm bö­le­gi ha­sap­la­ýar. Olar teh­ni­ki ugur­lar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­mek, se­bi­tiň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk, şol san­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, suw üp­jün­çi­li­gi, teh­no­lo­gi­ýa­nyň ga­za­ny­lan­la­ry ba­bat­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak üçin bin­ýa­dy eme­le ge­tir­ýär. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň de­giş­li ugur­lar­da se­bit döw­let­le­ri, şol san­da Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu dü­züm se­bit döw­let­le­ri­niň öz müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, aba­dan, dur­nuk­ly ös­ýän we ada­lat­ly dur­muş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­na mun­dan beý­läk-de ýar­dam eder.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Tat­ýa­na Mol­ça­nyň dur­nuk­ly ösü­şiň, oza­ly bi­len, he­re­ket­le­riň we çe­me­leş­me­le­riň saz­la­şy­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny top­lum­la­ýyn or­naş­dyr­ma­gyň gu­ral­la­ry­ny ula­nan dün­ýä­de il­kin­ji ýurt­la­ryň bi­ri bol­mak bi­len, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň gi­ňiş­li­gin­de bu mak­sat­la­ra ýe­til­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Ar­mi­da Sal­si­ýa Ali­şah­ba­na söz beril­di. Ol hem­me­le­ri mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän gü­nün­de şu fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan şeý­le iri fo­ru­my ka­bul et­mek bi­len, köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­biniň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de mö­hüm ädim bo­lan­dy­gy aý­dyl­dy. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Bi­ta­rap­ly­gyň dost­lu­gy, öza­ra yna­nyş­ma­gy, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çuň ma­ny­ly çy­kyş üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, BMG-niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy­nyň ulag, san­ly­laş­dyr­ma, hä­zir­ki za­man şä­her­le­ri hem-de ho­wa dur­nuk­ly­ly­gy ul­ga­myn­da döw­re­bap çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm or­nu­ny nyg­tap, bu dü­zü­miň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň tä­ze yk­dy­sa­dy ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny eme­le ge­tir­mek­de goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Soň­ra Mil­li Li­de­ri­miz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Nur­lan Ýer­mek­ba­ýe­we söz ber­di. Ol fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­gyş­la­nan fo­ru­ma ça­ky­lyk we bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu giň we­kil­çi­lik­li mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ra uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di. Dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bu baş­lan­gy­jy gol­da­ma­gy aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­ly­gy no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­dy.

Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da gu­ra­ma­nyň Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we aba­dan­çy­lyk ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň ŞHG-niň sam­mit­le­ri­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy­nyň asyl­ly dä­be öw­rü­len­di­gi­ni aýt­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň yk­lym we dün­ýä iş­le­rin­de eýe­le­ýän or­nu­na, onuň hä­zir­ki za­man dün­ýä gur­lu­şy­nyň de­ňag­ram­ly ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, çy­ky­şy üçin Nur­lan Ýer­mek­ba­ýe­we min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Soň­ra BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Sýuý Haol­ýan çy­kyş edip, we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan bu hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­ga örän şat­dy­gy­ny aýt­dy.

BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy sag­ly­gy go­ra­ýyş, san­ly­laş­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da ösü­şiň tä­ze tap­gy­ryna çy­kan­dy­gy bel­le­nil­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän fo­rum­da be­ýan edi­len tek­lip­le­riň gel­jek ýyl­lar­da anyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy üçin Sýuý Haol­ýa­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ins­ti­tu­sio­nal öz­gert­me­ler, san­ly­laş­dyr­mak, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş ul­gam­laryn­da ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ryň nus­ga­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu dü­zü­miň tas­la­ma­la­ry­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ýur­du­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk gel­ýän dur­nuk­ly ösüş üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Fo­rum­da çy­kyş et­mek üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Sin Su­ýa söz ber­ildi. Ol Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­ýän­di­gi we oňa gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Sin Suý ÝU­NES­KO ag­za bo­lan wag­tyn­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni we ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň Adam­za­dyň mad­dy we mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­naw­la­ry­na gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Ol ýa­kyn­da bu gu­ra­ma­nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ras bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň Nýu-De­li şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen “Türk­men ala­baý it­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek däp­le­ri” at­ly hö­dür­na­ma­ny gol­da­mak ha­kyn­da çöz­gü­diň ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­tap, şu my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry­ny be­ýan et­di. Mun­dan baş­ga-da, 2023-nji ýyl­da Aş­ga­ba­dyň «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na go­şul­ma­gy, ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ÝU­NES­KO-nyň As­so­sir­le­nen mek­dep­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­me­gi Türk­me­nis­tan bi­len bu gu­ra­ma­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Çy­kyş­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün­ki fo­ru­myň çä­gin­de öňe sü­rül­ýän ga­ra­ýyş­lar ÝU­NES­KO-nyň gym­mat­lyk­la­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu­nuň bilen bir ha­tar­da, pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne üns çe­kil­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri çy­ky­şy üçin Sin Su­ýa min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň be­ýan eden ugur­la­ry­nyň yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni iler­let­mä­ge hem-de dur­nuk­ly ösüş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň oňyn hä­si­ýe­ti­ni bel­läp, ýur­du­my­zyň gel­jek­de-de bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, mad­dy we mad­dy däl mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Sa­lim Al Ma­li­ge söz ber­di. Ol öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len mil­li me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä­de ta­nad­ýan, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak dü­şün­je­si­ni tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýan ýurt­da ge­çi­ril­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra fo­rum­da çy­kyş et­me­giň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly hor­ma­ta we yk­rar­na­ma eýe bol­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri oý­la­ny­şyk­ly çöz­mek­de hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sa­lim Al Ma­li­giň söz­le­ri­ne gö­rä, bi­rek-bi­re­ge ynam we açyk­lyk hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýän gym­mat­lyk­lar­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bu gym­mat­lyk­la­ry go­rap, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň nus­ga­sy hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Ynam pa­ra­hat­çy­ly­ga elt­ýän ýol­dur. Onuň bar ýe­rin­de he­mi­şe aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş hö­küm sür­ýän­dir.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çuň ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Sa­lim Al Ma­li­ge min­net­dar­lyk bil­di­rip, bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet hem-de mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ul­gam­la­ryn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ys­lam dün­ýä­si­niň ýurt­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da hä­zir­ki tap­gyr­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga gi­ňiş­le­ýin sel­jer­me ber­len­di­gi­ni, pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek ba­bat­da onuň äh­mi­ýe­ti­niň nyg­ta­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­myň işi­niň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny yg­lan edip, mej­li­siň do­wa­myn­da örän mö­hüm tek­lip­le­riň we kon­sep­si­ýa­la­ryň, gym­mat­ly baş­lan­gyç­lar­dyr pi­kir­le­riň be­ýan edi­len­di­gi­ni, ola­ryň şüb­he­siz my­na­syp gol­da­wa eýe bol­jak­dy­gy­ny, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik iş­de, döw­let­le­riň hyz­mat­daş­ly­gyn­da, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we bir­le­şik­le­riň iş­le­rin­de peý­da­la­nyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Bu fo­ru­myň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň açyk­ly­gy­dyr hem-de mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni bi­le­lik­de göz­le­mä­ge taý­ýar­ly­gy­dyr, ola­ryň dür­li pi­kir­le­ri ka­bul et­mä­ge ukyp­ly­ly­gy­dyr, ta­rap­la­ryň de­lil­le­ri­ne we su­but­na­ma­la­ry­na hor­mat goý­ma­gy ba­şar­ýan­dyk­la­ry­dyr. Me­ge­rem, bu ugur­da­ky ýe­ke-täk ýol hök­mün­de dia­lo­gyň gel­je­gi uly, oý­la­ny­şyk­ly gu­ral hök­mün­dä­ki gym­mat­ly­gy şun­dan yba­rat­dyr. Onuň esa­syn­da, ha­ky­kat­dan-da, uly ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak hem-de de­ňag­ram­ly­ly­ga ýet­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mek, ha­ky­ky ýag­daý­la­ra la­ýyk gel­ýän, müm­kin­çi­lik­le­ri uly çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, iň çyl­şy­rym­ly ne­ti­je­ler bo­ýun­ça yla­la­şy­ga ýet­mek hem-de oňyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak müm­kin­dir. Bu ba­bat­da fo­rum uzak gel­je­ge gö­nük­di­ri­len dog­ry, dur­mu­şa ukyp­ly geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ugur­la­ry kes­git­le­di.

Fo­rum­da­ky çy­kyş­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny hem-de ugur­la­ry gel­je­ge gö­nük­di­ri­len­dir, stra­te­gik me­ýil­leş­dir­me­giň giň ugur­la­ry­ny açan­dyr hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, dur­muş-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da, dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça bir­nä­çe me­se­le­ler­de dün­ýä me­ýil­le­ri­ne ul­gam­la­ýyn sel­jer­me ber­me­giň my­sa­ly­ny gör­ke­zen­dir. We­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we ag­za­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry, giň ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ri­len pi­kir alyş­ma­lar bi­ziň äh­li­mi­ziň esa­sy, ha­ky­ky hem-de do­la­nuw­syz umu­my dü­şün­jä­niň — dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän howp­suz­ly­gyň we ösü­şiň bi­te­wi, bö­lün­me­ýän ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň ze­rur­ly­gy bi­len bir­le­şen­di­gi­mi­zi tu­tuş aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di di­ýip ha­sap ed­ýä­rin di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di. Şeý­le ul­ga­my gur­mak erk-is­le­giň bol­ma­gy, öza­ra yna­nyş­mak, dün­ýä­niň yk­ba­ly üçin ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­lik ýa­ly düýp­li şert­ler bo­lan ýag­da­ýyn­da müm­kin­dir. Bu dü­şün­je­le­ri iler­let­mek, ola­ry dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň kes­git­leý­ji şer­ti­ne öwür­mek mak­sa­dy bi­len, 2025-nji ýyl “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri fo­ru­my jem­läp, bu çä­rä­niň fo­ru­myň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak di­ýen adyn­da be­ýan edil­ýän gym­mat­lyk­la­ryň ta­rap­dar­la­ry­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny, onuň sal­gym däl-de, anyk dü­şün­je­le­re öw­rül­ýän­di­gi­ni, dün­ýä ösü­şi­niň ha­ky­ky şer­ti, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň we hyz­mat­daş­ly­gyň ah­lak sü­tü­ni hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny tas­syk­lan­dy­gy­ny aýt­dy. El­bet­de, bu ýö­rel­ge­le­ri ber­ka­rar et­mek, adam aňyn­da we sy­ýa­sy tej­ri­be­de ber­kit­mek üçin he­niz öň­de uly we­zi­pe­ler ga­raş­ýar. Em­ma bi­ziň dog­ry ýol bi­len bar­ýan­dy­gy­myz şüb­he­siz­dir. Şol se­bäp­li men Aş­ga­bat fo­ru­my­nyň, onuň eme­le ge­ti­ren dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň gel­jek­ki bi­le­lik­dä­ki iş­le­re ýar­dam et­jek­di­gi­ne, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we adam­za­dyň ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne anyk ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we hal­ky­nyň adyn­dan äh­li we­ki­li­ýet­le­re fo­ru­ma gat­na­şan­dyk­la­ry, ma­ny­ly çy­kyş­la­ry hem-de baş­lan­gyç­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hem­me­le­ri Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de ýe­tip gel­ýän tä­ze — 2026-njy ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­my ýa­pyk di­ýip yg­lan et­di.

Fo­rum­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýan eden tek­lip­le­ri gol­da­nyl­dy. Jem­leý­ji res­mi­na­ma hök­mün­de Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di.

Şeý­le­lik­de, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan we­kil­çi­lik­li fo­rum tej­ri­be alyş­mak we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça öw­rül­di. Ol 30 ýyl­lyk üs­tün­lik­li Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň je­mi­ni jem­le­mek bi­len, ony öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk we dia­log ýö­rel­ge­le­ri­niň se­bitdäki hem-de äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň kö­pu­gur­ly gu­ra­ly hök­mün­de ula­nyp bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di.