TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şuş­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Wla­di­mir Pu­ti­niň bu fo­ru­ma gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy bu gün­ki çä­rä­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­ly­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär, dün­ýä ýurt­la­ry, şol san­da Rus­si­ýa bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň ozal­dan gel­ýän dost­lu­ga, yna­nyş­ma­ga, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge esas­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gün ter­ti­bin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam hem öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup çy­kyş ed­ýär. Şun­da ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň iki ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.