TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bi­len du­şuş­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul edip, ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Si­ziň bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­ňyz Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na gol­da­wy­ňy­zyň hem-de pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne ber­ýän mö­hüm ün­sü­ňi­ziň gü­wä­si­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Tür­ki­ýe­de Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na we äh­li ul­gam­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň ýur­du­my­za sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Tür­ki­ýe bi­len ýo­la goý­lan stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­satyn­da he­mi­şe ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zy kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Bu bol­sa hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin berk esas bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan iň mö­hüm ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, ma­ýa go­ýum­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le hem söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.