TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Asad Ma­jid Han bi­len du­şuş­dy.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyna, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­myň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu hal­ka­ra fo­ru­myň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne berk yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­ny myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ýur­du­my­zyň bu çä­rä äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýa­sy wa­ka hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, YHG bi­len hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň oňyn tej­ri­be­si top­lan­dy. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ar­ka­dag şä­he­rin­de Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki bi­rin­ji fo­ru­my ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu fo­ru­myň se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge uly go­şant go­şan­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Türk­me­nis­tan YHG-nyň çäk­le­rin­de öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry gol­dap, öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýar di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we bu gu­ra­ma ag­za döw­let­ler bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gi­ýa, sy­ýa­hat­çy­lyk, me­de­ni­ýet ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz te­bi­gy ga­zyň baý gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň eks­por­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, şol san­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­ler bi­len bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­my­zyň geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi­niň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge berk esas bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi aý­dy­lyp, Türk­me­nis­ta­nyň üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ra gat­naş­mak ba­bat­da YHG-nyň anyk tek­lip­le­ri­ne se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy nyg­tal­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri we Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.