TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Nur­lan Ýer­mek­ba­ýew bi­len du­şuş­dy.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ŞHG Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len ber­ki­di­len Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, oňa ýur­du­myz­da hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gu­ra­ly bo­lup hyz­mat ed­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­tan äh­li hyz­mat­daş ýurt­lar we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. ŞHG bi­len hyz­mat­daş­lyk da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň wa­jyp ug­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň bu gu­ra­ma­nyň sam­mit­le­ri­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Biz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň äh­li­si bi­len däp bo­lan dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Türk­me­nis­tan anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek bi­len, bu gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we Türk­me­nis­tan bi­len ŞHG-niň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy we Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin äh­li amat­ly şert­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp, bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.