TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gahryman Arkadagymyzyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Sa­lim Al Ma­lik bi­len du­şuş­dy.

Sa­lim Al Ma­lik türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik hem-de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem myh­man Türk­me­nis­tan­da mil­li ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry go­rap sak­la­mak, wa­gyz et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­le­re ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, onuň sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­ga, Türk­me­nis­tan bi­len Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga go­wy müm­kin­çi­li­giň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ylym-bi­lim, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da öza­ra he­re­ket­le­riň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy­nyň, ys­lam di­ni bi­len bag­ly mi­ra­sy­nyň, ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň halk­la­ry­my­zy ýa­kyn­laş­dyr­mak­da köp­ri hök­mün­de hyz­mat et­jek Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy anyk ugur­lar bo­ýun­ça gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we­kil­çi­lik­li fo­ru­ma we baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Sa­lim Al Ma­li­ge min­net­dar­lyk bil­di­rip, oňa alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.