TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Aş­ga­bat, 12-nji de­kabr (TDH). Paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bol­dy. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da ge­len da­şa­ry ýurt­la­ryň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry bi­len bi­le­lik­de gat­naş­dy.

Mil­li se­ne­na­ma­myz­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýän şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na gu­ra­lan da­ba­ra­lar Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­le­riň ma­ny-maz­mun taý­dan has-da baý­laş­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Be­lent ru­ha bes­le­nen aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny wasp et­di. Me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň, folk­lor to­par­la­ry­nyň, teatr ar­tist­le­ri­niň taý­ýar­lan baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti oňa gat­na­şy­jy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­dy. On­da mil­li aý­dym-saz­la­ryň da­şa­ry ýurt aý­dym­la­ry bi­len ut­ga­şyk­ly ýaň­lan­ma­gy to­ma­şa­çy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­dy.

Baý­ram­çy­lyk kon­ser­tin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň söz­le­ri­ne, Ke­rim Berdimuhamedowyň sa­zy­na dö­re­di­len “Ak şä­he­rim Aş­ga­bat” at­ly aý­dy­myň ýaň­lan­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li taý­ýar­la­nan kon­ser­tiň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Joş­gun­ly aý­dym ýur­du­my­zyň bel­li tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len ut­gaş­dy. Aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ryň aja­ýyp sah­na­da­ky mo­ni­tor­lar­da gör­ke­zil­ýän şe­kil­ler bi­len ut­gaş­ma­gy onuň maz­mun taý­dan baý­laş­ma­gy­ny üp­jün et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­le­riň aý­dyň ny­şa­ny­ny özün­de jem­le­mek bi­len, kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de wa­jyp gu­ral hök­mün­de yk­rar edil­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä­de giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär.

Dün­ýä­niň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýan Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan şu ge­çen dö­wür­de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­dy.

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin äh­mi­ýet­li bo­lan sy­ýa­sy wa­ka­la­ra, hal­ka­ra çä­re­le­re bes­len­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na ýaý­baň­lan­dy­ry­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar ýur­du­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň se­na­sy bo­lup ýaň­lan­dy. Kon­ser­te gat­na­şy­jy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na ber­len ba­ha hök­mün­de ka­bul edil­di. Şun­da est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň, teatr ar­tist­le­ri­niň, tans we folk­lor to­par­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly çy­kyş­la­ry­nyň da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Çy­kyş­lar­da hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler, ýur­du­my­zyň saz­la­şyk­ly ösüş­le­ri, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ýe­ti­len sep­git­ler çe­per be­ýan edil­di.

Däp bol­şy ýa­ly, şan­ly se­nä­niň hor­ma­ty­na gu­ra­lan kon­sert­de küşt­dep­di tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň söz­le­ri­ne we sa­zy­na dö­re­di­len “Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!” at­ly joş­gun­ly aý­dym baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­niň jem­len­me­si­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­tli baý­ram­çy­ly­gyň hor­ma­ty­na gu­ra­lan kon­sert ýa­kym­ly pur­sat­la­ra baý bol­dy.

Ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň nu­ra­na ag­şam­la­ryn­da asu­da as­ma­ny ýag­ty­lan­dy­ran älem­go­şar öwüş­gin­li fe­ýer­werk giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny jem­le­di. As­man gi­ňiş­li­gin­de eme­le ge­len şe­kil­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nen şan­ly se­nä­ni äş­gär eden gör­nüş­le­re bes­len­di.