TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyny sylaglamak dabarasy

Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de da­şa­ry ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry­na we Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny we ýa­dy­gär­lik kü­müş ny­şany­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len üç ge­zek yk­rar edi­len ýur­du­myz­da gu­ral­ýan hal­ka­ra çä­re­le­riň kö­pu­gur­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­ny we ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­ny sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy tä­sir­li pur­sat­la­ra bes­len­di.

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä in­no­wa­si­ýa­la­ry öw­re­niş ins­ti­tu­ty­nyň baş­ly­gy Kim Çžin Pýo sy­lag­la­nyl­dy. Ol ýo­ka­ry sy­lag üçin türk­men ta­ra­py­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­ze ýu­bi­leý me­da­ly­ny we de­giş­li ny­şa­ny hor­mat bi­len ka­bul edip, bu baý­ram­çy­ly­gyň öz dur­mu­şyn­da ýat­da ga­ly­jy wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Tür­ki­ýä­niň ýur­du­myz bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­lyk “Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­nyň we de­giş­li ny­şa­nyň gow­şu­ryl­ma­gy­nyň özi üçin aý­ra­tyn hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di. Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Lýud­wig Mak­si­mi­lian uni­wer­si­tet kli­ni­ka­lar top­lu­my­nyň Fýurs­ten­feldb­ruk yl­my-göz­leg kli­ni­ka­sy­nyň umu­my we wis­se­ral hi­rur­gi­ýa kli­ni­ka­sy­nyň baş luk­ma­ny Şpels­berg Fritz Wil­helm Wolf­gang sy­lag­la­ry özü­ne bil­di­ri­len hor­mat hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

“Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­na we de­giş­li ny­şa­na my­na­syp bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry ta­ry­hy äh­mi­ýet­li hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­ma­ga ibe­ri­len ça­ky­lyk we öz­le­ri­ne bil­di­ri­len ýo­ka­ry hor­mat üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Mil­li Li­de­ri­mi­ze sag­bol­sun aýt­dy­lar. Myh­man­lar äh­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Olar hal­ka­ra fo­rum­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­lan Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar.

Soň­ra çä­re ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­na “Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny we ýa­dy­gär­lik kü­müş ny­şa­ny­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy bi­len do­wam et­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy dür­li ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şun­da me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän ýa­şu­lu­lar “Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny we ýa­dy­gär­lik kü­müş ny­şa­ny­ny ýü­zü­ne sy­lyp ka­bul edip, bil­di­ri­len hor­mat üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lygy beýan etdiler.

Ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­ny uly buý­sanç bi­len ka­bul eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, Mil­li Li­de­ri­mi­zi we äh­li türk­men hal­ky­ny Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bi­len gut­la­dy­lar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da “Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na” at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­na we de­giş­li ny­şa­na my­na­syp bo­lan ra­ýat­la­ry ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy hem-de ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän şan­ly se­ne bi­len gut­la­dy.

(TDH)