Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleri üçin parahat hem-de bagtyýar ýaşaýşyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende göterýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi şanly sene bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank