TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti!

Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly Gut­la­gy­ňyz hem-de bu giň möç­ber­li çä­rä­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da dö­re­den aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ňiz üçin Si­ze çäk­siz al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys. Si­ziň baş­lan­gyç­la­ry­ňyz esa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ägirt uly mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ser­gi­niň ge­çi­ri­len gün­le­rin­de bü­tin türk­men hal­ky bi­len bir­lik­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi hem ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň göz ýe­tir­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yg­lan eden «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň Si­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­ňyz bi­len üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar hem-de dün­ýä ýurt­la­ry bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Si­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­ňyz esa­syn­da, ata Wa­ta­ny­myz pa­ra­hat­çy­ly­gy, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze, ne­ti­je­li ýol­la­ry­ny we ugur­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şöh­rat­ly 30 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lan halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny in­no­wa­si­ýa taý­dan öz­gert­mek­de, se­na­ga­ty­my­zy di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak­da, äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­de ýur­du­my­zyň or­nu­ny bar­ha ber­kit­mek­de be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Gül­läp ös­ýän Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­ýär, olar­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­ler hal­ka­ra ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Mu­nuň özi yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da pug­ta­lan­ma­gyn­da, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz!

Si­ziň dö­re­dip be­ren aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ňi­ziň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň döw­re­bap bi­na­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan bu giň möç­ber­li ser­gi­de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka, se­na­gat pu­dak­la­ryn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, gur­lu­şyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym we bi­lim, ulag we ara­gat­na­şyk, ma­li­ýe we bank, me­de­ni­ýet we sun­gat, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da, eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de beý­le­ki wa­jyp ugur­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler we ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler giň­den be­ýan edil­di.

Hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­ýa çöz­güt­le­ri esa­syn­da gu­ra­lan bu ser­gi­de ata Wa­ta­ny­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak­da ýe­ti­len sep­git­ler, öň­de dur­ýan mak­sat­na­ma­lar we iri tas­la­ma­lar oňa gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Be­lent mer­te­be­li Pre­zi­den­ti­miz!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp guralan ser­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da dö­re­den aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ňiz üçin Si­ze ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris.

Si­ziň ja­ny­ňy­zyň sag, öm­rü­ňi­ziň uzak bol­ma­gy­ny, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ös­me­gi, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ha­lal zäh­me­tiň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­ňi­ziň el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris.

Si­zi çuň­ňur hor­mat­la­mak bi­len,

Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ser­gä gat­na­şy­jy­lar.