Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda bu sylagyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlarynyň aýdyň güwäsidigini, döwlet Baştutanymyzyň şanly baýramyň öňüsyrasynda çapdan çykan täze kitabynyň bolsa ähli türkmen halky üçin ajaýyp sowgatdygyny nygtaýarlar.
Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly wakalar bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy hem-de täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri mähirli gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzy bu şanly wakalar bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank