Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen, «Daşoguzşäheragyzsuw» hem-de «Köneürgençetrapagyzsuw» müdirliklerine gerek bolan alýuminiý sulfaty, anion polielektrolidi, kaustik soda we antiskalant bilen üpjün etmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— edara-kärhanalaryň maddytehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
— hödürlenýän baha teklipleri we degişli resminamalar.
Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 18-nji dekabryna, sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Salgysy: Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.
Telefon belgisi: (+993 322) 9-03-02.
Faks belgisi: (+993 322) 9-03-14.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank