TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 357.

Jemagat hojalygy birleşigine gerek harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

2. LOT № 358.

«Lebapwelaýatagyzsuw» birleşigine gerek harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

3. LOT № 435.

Ministrlige gerekli awtotekerleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

4. LOT № 485.

Daşoguz şäheriniň köçeleriniň yşyklandyryş ulgamlary üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

5. LOT № 492.

Şabat etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inženerçilik ulgamy hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

6. LOT № 504.

Büzmeýin etrabynyň Ahal şaýolunyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

7. LOT № 505.

Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

8. LOT № 506.

Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

9. LOT № 533.

Döwletli etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 5 müň kub metr lagym arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

10. LOT № 542.

Ministrligiň merkezi binasynyň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 1-nji okuw binasynyň liftlerine tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

11. LOT № 547.

Bagtyýarlyk etrabynyň «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumyndaky 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de eltiji inženerçilik ulgamynyň gurluşygyna keramogranit plitalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT № 553.

Gulluga degişli bolan 100 gektar tokaý zolagynyň damjalaýyn suwaryş ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

13. LOT № 571.

Dürli kysymly awtomobil tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

14. LOT № 602.

Aşgabat Halkara howa menziliniň günorta-günbatar tarapynda ýagyn suw ulgamlaryny gurmak üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

15. LOT № 604.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynyň binasynyň abatlaýyş işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti.

16. LOT № 606.

Türkmenbaşy şäheriniň 64-nji ýaşaýyş toplumynda 2 sany suw gyzdyryjy gazanhananyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

17. LOT № 607.

Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda 1 sany 4 gatly, iri panelli, köp öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

18. LOT № 608.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň binasynyň sowadyjy çiller enjamlaryna tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakda görkezilen internet sahypasyndan alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 19-njy dekabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.