Türkmenistanyň Kanuny
«Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 1-nji maddada:
10-njy bendiň birinji sözleminde «mümkinçiligi bolan» diýen sözlerden soň «, ýa-da pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen bagly amala aşyrylýan amalda ýa-da geleşikde bähbidi bolan» diýen sözleri goşmaly;
11-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«11) peýda alyjy — pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallar ýa-da geleşikler geçirilende, ätiýaçlandyryş, wekilçilik, tabşyryk, hyzmat haky we ynançly dolandyrmak şertnamalary esasynda, peýda alýan amala ýa-da geleşige gatnaşyjy, trast ýa-da ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzümi bolup, bähbidine (peýdasyna) hereket edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs (şahslar), şol sanda jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyr-sahawat kömeginiň kabul edijisi;»;
şu mazmunly bentleri goşmaly:
«27) ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzümi — döredilen ýerinde daşary ýurt ýuridik şahsyň hukuk ýagdaýyna eýedigine ýa-da däldigine garamazdan özbaşdak guramaçylyk-hukuk görnüşleri hökmünde garalýan, Türkmenistanyň çäginde bellige alynmadyk hem-de daşary ýurduň kanunçylygyna laýyklykda döredilen gazna, şereket, kompaniýa, hyzmatdaşlyk, gurama ýa-da gaýry korporatiw düzüm;
28) trast — bir şahsyň (trasty esaslandyryjynyň) beýleki şahsa (dolandyryja) ynançly dolandyrmak hakynda şertnama esasynda özüniň pul serişdelerini ýa-da gaýry emlägini, dolandyryjynyň şol pul serişdelerine ýa-da gaýry emlägine degişli hereketlerinde esaslandyryjynyň talaplaryny we gözükdirijilerini goldanmak şerti bilen ynançly peýdalanmaga bermegi.»;
2) 4-nji maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan we şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda maglumat berýän şahslar (mundan beýläk — amallary amala aşyrýan şahslar) maliýe edaralaryna, bellenilen maliýe däl kärhanalar we hünärler pudagyna, şeýle hem wirtual aktiwler hyzmatlaryň prowaýderlerine bölünýärler.»;
birinji bölekden soň şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«2. Maliýe edaralaryna şular degişlidir:
1) karz edaralary;
2) pullary ýa-da gymmatlyklary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän fiziki ýa-da ýuridik şahslar;
3) biržalar;
4) ätiýaçlandyryş guramalary, ätiýaçlandyryş dellallary;
5) lizing işi bilen meşgul bolýan kärhanalar;
6) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary;
7) pullary geçirmek boýunça hyzmatlary edýän poçta we telegraf aragatnaşyk guramalary we hasaplaşyklaryň ýa-da tölegleriň geçirilmegini amala aşyrýan gaýry guramalar.
3. Bellenilen maliýe däl kärhanalar we hünärler pudagyna şular degişlidir:
1) lombardlar;
2) notariuslar;
3) adwokatlar we ygtyýarnama esasynda fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini berýän beýleki şahslar — olaryň aşakdaky işler babatda müşderiniň adyndan ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça amallary ýa-da geleşikleri meýilleşdirmäge, taýýarlamaga we amala aşyrmaga gatnaşýan halatlarynda:
a) gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak;
b) müşderiniň pul serişdelerini, gymmatly kagyzlaryny ýa-da gaýry emlägini dolandyrmak;
ç) bank, süýşürintgi hasaplaryny ýa-da gymmatly kagyzlaryň hasabyny dolandyrmak;
d) ýuridik şahsy döretmek, onuň işleýşini ýa-da dolandyrylmagyny üpjün etmek ýa-da kärhanalary satyn almak-satmak;
e) kompaniýalary döretmek, işleýşini ýa-da dolandyrmagy üpjün etmek maksatlary üçin serişdeleri (esaslyk maýasyny) toplamak;
4) söwdalaryň we bäsleşikli söwdalaryň guramaçylary;
5) humarly oýunlaryň, lotereýalaryň we elektron interaktiw oýunlaryň guramaçylary bolan fiziki we ýuridik şahslar;
6) kazino;
7) auditorçylyk guramalary, işini hususy telekeçiler hökmünde amala aşyrýan, müşderiniň adyndan we (ýa-da) tabşyrygy boýunça maliýe amallaryny geçirmek bilen baglanyşykly buhgalterçilik hasaba alnyşy alyp barmak we buhgalterçilik we (ýa-da) maliýe hasabatlylygy düzmek boýunça hünärleýin hyzmatlary ýerine ýetirýän auditorlar;
8) rieltorlar we rieltorçylyk guramalary, haçan-da olar öz müşderisi üçin gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak bilen baglanyşykly dellallyk hyzmatlaryny edende ýa-da amallary ýa-da geleşikleri amala aşyranda;
9) gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary, olardan öndürilen önümleri, şeýle hem şeýle önümleriň döwük böleklerini satyn almagy-satmagy amala aşyrýan şahslar.»;
ikinji bölekde «birinji böleginde görkezilen şahslardan» diýen sözleri «ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen şahslardan, şeýle hem wirtual aktiwler hyzmatlaryň prowaýderlerinden» diýen sözlere çalşyrmaly we bu bölegi dördünji bölek diýip hasap etmeli;
3) 6-njy maddada:
üçünji bölegiň 8-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«8) maglumatlaryň täzelenilmegi müşderi, benefisiar eýesi barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda, şeýle hem içerki gözegçiligiň düzgünlerinde göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylýar. Müşderi we benefisiar eýesi barada maglumatlaryň täzelenilmeginiň yzygiderliligi we ýygylygy, müşderiniň hem-de benefisiar eýesiniň işi bilen bagly töwekgelçiligiň derejesine, şeýle hem hemişelik esasda geçirilýän işewür gatnaşyklaryň barlagynyň we monitoringiniň hemde amallaryň ýa-da geleşikleriň öwrenilmeginiň dowamynda müşderiniň we benefisiar eýesiniň işi babatynda alnan täze maglumatlara laýyklykda kesgitlenilýär. Ýokary derejeli töwekgelçilige degişli müşderi we benefisiar eýesi babatda maglumatlar azyndan üç aýda bir gezek, beýleki müşderiler we benefisiar eýeler babatda maglumatlar bolsa azyndan ýylda bir gezek täzelenilýär. Müşderi we benefisiar eýesi babatda täze maglumatlaryň alnan ýagdaýynda, amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan täze maglumatlaryň alnan pursadyndan üç iş gününiň dowamynda maglumatlar täzelenilýär.»;
dördünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
altynjy bölege şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Ýeke-täk esaslandyryjysy döwlet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan ýuridik şahslardan başga Türkmenistanyň çäginde bellige alnan ýuridik şahslar şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen öz benefisiar eýeleri baradaky takyk maglumatlary almaga, täzelemäge we saklamaga, şeýle hem bu maglumatlar üýtgän ýagdaýynda, olary on iş gününiň dowamynda degişli salgyt edaralaryna bermäge borçludyrlar.
Benefisiar eýeler şu maddanyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen özleri baradaky maglumatlary özleriniň benefisiar eýe diýlip ykrar edilmeginden soň üç iş gününiň dowamynda, benefisiar eýeler baradaky maglumatlaryň salgyt edaralaryna berilmegi boýunça ýuridik şahsyň jogapkär ýolbaşçy işgärine aýan etmäge we bermäge borçludyrlar. Şu düzgün ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzümi babatynda, esaslandyryjysy, ynançly eýesi, trastyň howandary (bar bolan halatynda), benefisiar eýesi ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzüminiň işiniň maksatlary üçin Türkmenistanda ýaşaýan ýa-da Türkmenistanda işewür gatnaşyklary ýa-da gozgalmaýan emlägi bar bolan halatynda ulanylýar.»;
onunjy bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Şu Kanunyň 4-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-4-nji we 6-njy bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar, şeýle hem wirtual aktiwler hyzmatlaryň prowaýderleri degişli müşderiler (olaryň wekilleri) we benefisiar eýeleri babatynda, beýleki amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ulanylan, şu maddanyň üçünji böleginiň 1-3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çärelere esaslanyp bilerler, eger olar diňe şu halatlarda daşary ýurtlarda öz işini amala aşyrýan bolsalar:»;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«13. Eger-de ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzümi amallary amala aşyrýan şahsyň müşderisi bolup durýan bolsa, onda amallary amala aşyrýan şahslar göni ýa-da gytaklaýyn (üçünji taraplar arkaly) ýuridik şahsy döretmezden daşary ýurt düzümini dolandyrýan, oňa gözegçilik ýa-da eýeçilik edýän fiziki şahslaryň, şol sanda esaslandyryjysynyň, ynançly eýeleriniň, trastyň howandarynyň (bar bolan halatynda), we peýda alyjysynyň talabalaýyk barlagyny geçirmek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.»;
4) 7-nji maddanyň mazmunyndan «, muňa şu Kanunyň 6-njy maddasynyň dördünji böleginde görkezilen halatlar girmeýär» diýen sözleri aýyrmaly;
5) 8-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hereketlerden başga-da, karz edaralary, müşderiniň görkezmesi boýunça nagt däl görnüşindäki tölegleri geçirenlerinde, aşakdakylary hem öz içine almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan töleg resminamasynda rekwizitleriň bolmagyny we pul tölegine (geçirmesine) gatnaşyja geçirilmegini üpjün edýärler:»;
6) 9-njy maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Ýokary derejeli töwekgelçilikler ýüze çykarylanda, amallary amala aşyrýan şahslar olary dolandyrmak we peseltmek boýunça giňeldilen çäreleri görmek, şeýle hem töwekgelçiliklere milli we içerki baha bermegiň netijelerine laýyklykda, müşderileriň we jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň, olaryň peýda alyjylarynyň we benefisiar eýeleriniň barabarlanmagy boýunça içerki gözegçiligiň giňeldilen çärelerini ulanmak üçin zerur maglumatlaryň toplanylmagyny we saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan gaýry maglumatlary kesgitleýärler we bellige alýarlar.»;
ikinji bölegiň birinji tesiminde «netijeleri boýunça» diýen sözlerden soň «töwekgelçiligiň derejesiniň ýokary bolan halatynda» diýen sözleri goşmaly;
üçünji bölekde «garyndaşy» diýen sözden soň «ýa-da garyndaşlyk gatnaşygy bolmadyk gaýry şahs» diýen sözleri goşmaly;
bäşinji bölegiň soňky tesiminden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«4) ömri ätiýaçlandyrmagyň ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň peýda alyjysy bilen bagly jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň derejesi ýokary bolan töwekgelçilikleriň bolmagy. Eger işewür gatnaşyklary ýokary derejeli töwekgelçilikli bolan ýuridik şahs peýda alyjy bolup durýan bolsa, onda töleg edilen pursadynda benefisiar eýesiniň şahsyýetiniň kesgitlenilmegi we tassyklanylmagy boýunça oýlanyşykly çäreleri öz içine alýan giňeldilen çäreleri ulanmak zerur bolup durýar.»;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«6. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçilik derejesiniň ýokary bolan halatynda, talabalaýyk barlagynyň giňeldilen çärelerini geçirmek hem-de şübheli amal barada habary ygtyýarly edara ibermek zerurlygyna seretmek üçin ätiýaçlandyryş töleginiň (öwezini doluş töleginiň) tölenilmeginden öň amallary amala aşyrýan şahslar edarasynyň ýolbaşçylygyna habar berýärler.»;
7) 11-nji maddada:
birinji bölegiň birinji tesiminiň ikinji sözleminde «(ýa-da olaryň nusgalary)» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda subutnama hökmünde ulanyp boljak görnüşde» diýen sözleri goşmaly;
üçünji bölekde:
1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«1) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-4-nji, 6-njy we 7-nji bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar, şeýle hem wirtual aktiwler hyzmatlaryň prowaýderleri tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda amalyň ýa-da geleşigiň edilen gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan, muňa işiniň görnüşi diňe daşary ýurt puluny çalyşmak amallaryny guraýan ýuridik şahslar girmeýär;»;
3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«3) şu Kanunyň 4-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde we üçünji böleginiň 2-9-njy bentlerinde görkezilen amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan bölünip berlen aragatnaşyk kanallary arkaly elektron usulda ýa-da kagyz göterijide amalyň ýa-da geleşigiň edilen we ýüze çykarylan gününiň yzyndaky iş gününden gijä goýmazdan.»;
8) 12-nji maddada:
birinji bölegiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) şu Kanunda görkezilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçy derejesindäki jogapkär işgäriň, onuň bolmadyk halatynda başga jogapkär işgärleriň bellenilmegi;»;
üçünji bölekde:
2-nji bentde «hasaba alýan» diýen sözlerden soň «, töwekgelçiliklere milli we içerki baha bermegiň netijeleri esasynda işlenip taýýarlanylan» diýen sözleri goşmaly;
şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şu bölekde görkezilen, içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan maksatnamalar, şol sanda geçirilen öz töwekgelçiliklerine baha bermegiň netijeleri, amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ygtyýarly edara, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edaralaryna berilmelidir.»;
dördünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Amallary amala aşyrýan şahslaryň Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçalary, wekillikleri we golçur kärhanalary, olaryň esaslandyryjylary ýa-da gözegçilik edijileri bolan amallary amala aşyrýan şahslara, şu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, şeýle hem içerki gözegçilik ýa-da audit çärelerini durmuşa geçirmek maksady bilen zerur bolan halatlarda, müşderiler, hasaplar we amallar barada zerur maglumatlary bermäge borçludyrlar.»;
9) 13-nji maddada:
üçünji bölekde «laýyklykda» diýen sözden soň «Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde» diýen sözleri goşmaly;
dördünji bölegiň 6-njy bendinde «derňew» diýen sözi «degişli döwlet» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Fiziki ýa-da ýuridik şahsy sanawdan aýyrmak üçin şular esas bolup durýar:
1) fiziki ýa-da ýuridik şahsyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Rezolýusiýalaryna laýyklykda düzülýän sanawdan aýrylmagy;
2) terrorçylyk we (ýa-da) ekstremistik işi, köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmak, şeýle hem olary maliýeleşdirmek işini amala aşyrmak bilen bagly ýuridik şahsyň ýatyrylmagy barada kazyýetiň çözgüdiniň ýatyrylmagy;
3) fiziki şahsy terrorçylygyň, ekstremizmiň, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň işi bilen bagly, şeýle hem olaryň maliýeleşdirilmeginiň alamatlaryny düzýän jenaýaty etmekde günäli diýip bilmek barada kazyýetiň höküminiň ýatyrylmagy;
4) daşary ýurt ýa-da halkara guramany terrorçylykly ýa-da ekstremistik diýip ykrar etmek barada kazyýetiň çözgüdiniň ýatyrylmagy;
5) terrorçylykly we (ýa-da) ekstremistik işi, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagy we onuň maliýeleşdirilmegi bilen bagly fiziki ýa-da ýuridik şahslar babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň hökümleriniň (çözgütleriniň) we gaýry ygtyýarly edaralarynyň çözgütleriniň ýatyrylmagy;
6) sanawa girizilen fiziki şahsyň ölümini tassyklaýan resmi maglumatyň bolmagy ýada fiziki şahsy ölen diýip yglan etmek barada kazyýetiň çözgüdi;
7) terrorçylygyň, ekstremizmiň, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň işi bilen bagly, şeýle hem olaryň maliýeleşdirilmeginiň alamatlaryny düzýän jenaýaty etmekde günäli bilnip iş kesilen şahsyň, iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylandygyny ýa-da aýrylandygyny tassyklaýan maglumatlaryň bolmagy;
8) terrorçylygyň, ekstremizmiň, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň işi bilen bagly, şeýle hem olaryň maliýeleşdirilmeginiň alamatlaryny düzýän jenaýaty etmekde güman edilýäniň ýa-da aýyplanýanyň garşysyna jenaýat işiniň ýa-da jenaýat yzarlaýşynyň ýatyrylmagy.»;
10) 15-nji maddada:
birinji bölegiň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«21) doňdurmak we gabamak çäreleri ulanylan, sanawa goşulan fiziki ýa-da ýuridik şahsyň, ýa-da benefisiar eýesi sanawa goşulan ýuridik şahsyň hasabyny (hasaplaryny) pul serişdeleri bilen doldurmaga mümkinçilik berýärler hem-de olary haýal etmän doňdurýarlar;»;
üçünji bölegiň birinji tesimine şu mazmunly sözlemleri goşmaly: «Pul serişdeleriniň ýa-da gaýry emlägiň doňdurmakdan boşadylmagy we (ýa-da) amalyň ýa-da geleşigiň gabawlykdan aýrylmagy fiziki ýa-da ýuridik şahsyň sanawdan çykarylan pursadyndan bir iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Pul serişdeleriniň doňdurmakdan boşadylmagynyň we (ýa-da) amalyň ýa-da geleşigiň gabawlykdan aýrylmagynyň hakyky ýagdaýy barada maglumat, doňdurmakdan boşadylan ýa-da gabawlykdan aýrylan pursadyndan üç iş gününiň dowamynda ygtyýarly edara iberilýär.»;
11) 18-nji maddanyň ikinji böleginiň 14-nji bendinden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:
«141) maglumatlar binýadynyň hem-de maglumatlaryň howpsuzlygy we gizlinligi, şeýle hem olar bilen işleýän şahslaryň howpsuzlygy babatda çäreleri işläp taýýarlaýar we ornaşdyrýar;
142) gizlinlik häsiýeti bolan maglumatlar binýady we resminamalar bilen işlemegiň içerki ülňülerini girizýär;
143) töwekgelçiliklere baha bermek boýunça hasabaty degişli döwlet edaralaryna tanyşmak, işinde göz öňünde tutmak we hasabat berýän subýektleriniň dykgatyna ýetirmek üçin iberýär, şeýle hem amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan ulanylmagy üçin, bu hasabatdan çap edilmäge degişli maglumatlary Internet torundaky öz resmi saýtynda ýerleşdirýär;»;
12) 19-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) hökmany gözegçilige degişli amallar ýa-da geleşikler boýunça zerur maglumatlaryň haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman berilmegini amallary amala aşyrýan şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan talap etmäge;
2) şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan islendik maglumatlaryň, şol sanda gizlinlik düzgünleriniň kanunçylykda bellenilen kadalaryny berjaý etmek bilen, statistiki maglumatlaryň haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman berilmegini bellenilen tertipde döwlet edaralaryndan, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslardan talap etmäge;»;
13) 20-nji maddada:
birinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:
«5) bilkastlaýyn edilen jenaýat üçin iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylmadyk ýada aýrylmadyk adamlaryň, amallary amala aşyrýan şahslar hünär synagyndan geçmäge, ep-esli (maýada 10 göterimden artykmaç gatnaşygy bolan) ýa-da gözegçilik ediji paýly gatnaşykly eýe bolmaga (ýa-da benefisiar eýe), ýa-da dolandyryş wezipeleri ýerine ýetirmäge elýeterliligini çäklendirmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zerur çäreleri görmäge.»;
birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«11. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýan döwlet edaralary bu çygyrdaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi şu şertlerde amala aşyrýarlar:
1) ygtyýarly edaradan alnan hasabatda görkezilen töwekgelçilikler hakyndaky maglumatlara laýyklykda;
2) degişli amallary amala aşyrýan şahslar üçin bellenilen töwekgelçilikleri nazara almak bilen, töwekgelçilige gönükdirilen çemeleşmäni ulanyp;
3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýän halkara guramalar tarapyndan tassyklanylan düzgünleşdirmek we gözegçilik etmek ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanyp;
4) amallary amala aşyrýan şahslaryň işi bilen bagly, şol sanda olaryň dolandyrmak we alyp barýan işi babatda möhüm üýtgeşmeler bilen bagly ýagdaýlary öz içine almak bilen, töwekgelçiliklere baha bermegiň netijelerine döwürleýin seredip.»;
ikinji bölegiň 1-nji bendinde «amallar» diýen sözden soň «, şeýle hem ygtyýarly edaradan alnan töwekgelçiliklere baha bermek boýunça hasabatda görkezilen ýokary derejeli töwekgelçilikler barada maglumatlara laýyk gelýän amallar we geleşikler» diýen sözleri goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry
Halkbank and other bank services
Senagat Bank