Aşgabat — parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanýan beýik üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda kabul edilýän giň möçberli strategiki maksatnamalara laýyklykda, Türkmenistanyň paýtagty ýurduň dolandyryş, senagat, bilim merkezi hökmünde ösmegini dowam edýär, onda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Şeýle hem, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, şol sanda ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlarynyň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky alada durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, 22-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şonda Milli Liderimiz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändiklerini belledi. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolan seýilgäh zolaklary paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döredilýär. Bu ýerlerde ýylyň islendik möwsüminde bagtyýar ildeşlerimiziň ençemesi gezelenç edip, tebigatyň ajaýyp gözelliklerinden lezzet alýarlar. Ýeri gelende bellesek ýakynda durky täzelenen Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgäh hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň hyzmatyna berildi. Bilşimiz ýaly, bu seýilgäh Aşgabadyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Tebigy künjegiň suw çüwdürimler toplumy agşamlaryna müň dürli öwüşgin bilen täsin gözellik gurşawyny döredýär, bu ýerde oturdylan ses ulgamyny adamlaryň gezelençlerini ajaýyp owazlar bilen utgaşdyrýar. Seýilgähiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, abadanlaşdyrylyp, has oňaýly ýagdaýa getirilmegi ak şäherimiziň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän paýtagtymyzyň gözel keşbi türkmen halkynyň kalbynda mermer şäher hökmünde orun alyp, iň bir ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Aşgabat maddy we ruhy medeniýetiň beýik-beýik ýadygärliklerinde geçmişiň ýaňy ýaňlanýan gadymy türkmen topragynyň hakykatda gaýtadan galkynmagynyň äşgär nyşanyna öwrüldi. Parahatçylygy söýüji hemişelik Bitaraplygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen paýtagtymyz dünýäde ösen binagärlik keşbi, täzelikleri ornaşdyryjy, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän deňli-derejeli şäher hökmünde özüni tanadýar. Türkmen paýtagtynda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, halkara maslahatlara, halkara sport ýaryşlara, dürli ähmiýetli gurluşyk işlerine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we onuň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar. Adamlaryň ýaşaýşynyň ýokary derejesini hem-de döredijilikli zähmet çekmegini, oňaýly durmuş we dynç alyş şertlerini döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.
Halkyň abadançylygy baradaky alada döwlet baştutanymyzyň elmydama üns merkezinde bolup, giň gerimli özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazandy hem-de öz bagtly geljegine ynam bilen garaýar. Aşgabat bu gün Garaşsyz Watanymyzyň nury, Aziýanyň merjen şäheri bolup dünýä ýaň salýar.
Rejep ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank