Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde iki doganlyk ýurduň arasynda dostluk, özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni gowşuryldy. Halkymyz bu hoş habary ägirt uly ruhubelentlik bilen kabul etdi. Şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda bu ýokary sylagyň döwlet Baştutanymyzyň hem-de Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nyşany bolup durýandygy nygtalýar. Gutlag hatlaryny iberenler hormatly Prezidentimizi şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize bu şanly waka mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýlekiler tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank