TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Şanly toýa taýýarlyk

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär.

22-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bolan milli buýsanjynyň aýdyň nyşanydyr. Milli Liderimiz Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk derejede taýýarlanylmalydygyny nygtady. Ähli çäreler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň ugurlaryna doly laýyk gelmelidir diýip degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny sanlyja ýylyň içinde äleme äşgär etdi. Ählumumy abadançylygyň bähbidi üçin deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga we howpsuzlyga zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň usullary bolsa örän köpugurlydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gahryman Arkadagymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda toplanan gymmatly tejribelerimiz Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Baky Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri özara ynanyşmak, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň, çözmegiň möhüm guralydyr. Bitaraplyk biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemleýär hem-de dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylýar. Bu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreler, maslahatlar, dabaralar geçirilýär.

Dünýäde dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmekde, durnukly ösüşi goldamakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun!

Gülsenem Öwliýagulyýewa,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ,,Fizika” kafedrasynyň mugallym-öwreniji.