Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 411.
«Türkmenbaşyagyzsuw» müdirligine we onuň gulluklaryna, şeýle-de bir gije-gündizde 70 müň kub metr bolan lagym suwlaryny biologiki arassalaýjy hem-de 35, 50 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalara gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
2. LOT № 508.
Büzmeýin etrabynda (II tapgyr) 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýyny we içki inženerçilik ulgamyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
3. LOT № 509.
Baş bilim müdirligine degişli mekdeplerde we çagalar bakja-baglarynda düýpli abatlamak işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
4. LOT № 514.
Gullugyň binalarynyň, desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy.
5. LOT № 524.
Awaza etrabynyň Jemagat hojalygy müdirliginiň hasabyndaky ýollar üçin ýol belgilerini satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
6. LOT № 526.
Ministrlik üçin serwer enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
7. LOT № 532.
Ýol hojalygyny abat saklaýyş we ulanyş müdirliginiň hasabyndaky desgalarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
8. LOT № 541.
Ministrligiň garamagyndaky binalaryň we desgalaryň ýyladyş ulgamy üçin gaz ýakyjy enjamlary (gorelka) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
9. LOT № 544.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kiçi arhitektura görnüşli köprüleri düýpli abatlamak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
10. LOT № 549.
Gullugyň awtoulaglary we tehnikalary üçin akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy.
11. LOT № 566.
Gullugyň awtoulaglary we tehnikalary üçin süzgüçleri (filterleri) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy.
12. LOT № 567.
Gullugyň ýörite çyralary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugy.
13. LOT № 576.
Kerki şäheriniň Ýeke tut obasynyň köçeleriniň agyz suw geçirijisini gurmak, Kerki elektrik podstansiýasyna we ondan Bitaraplyk köçesine çenli agyz suw geçirijisiniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
14. LOT № 577.
Daşoguz şäheriniň käbir seýilgählerini, ýörite meýdançalaryny, seýilbaglaryny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
15. LOT № 579.
Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky 4 gatly, 16 öýli 1 sany we 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inženerçilik ulgamlary hemde ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
16. LOT № 585.
Kerki şäherinde gurulýan 4 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýynda güýjenmesi 10/0,4 kW bolan we 2 sany GKTP-400/10 kW desgasyny oturtmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 13-nji dekabryna, sagat 13:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank