Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 420.
«Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň ýük we ýörite awtoulaglaryna tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
2. LOT № 447.
Gümrük nokadynda demir ýol ulaglaryny barlaýan rentgen enjamyny oturtmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
3. LOT № 474.
Harby bölümiň hasabynda duran 4 gatly 60 öýli gulluk ýaşaýyş jaýynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
4. LOT № 488.
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň okuw otaglary we umumy ýaşaýyş jaýy üçin kompýuterleri hem-de enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
5. LOT № 490.
Gullugyň harby bölümleriniň suw we gaz üpjünçiligi üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
6. LOT № 493.
Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalar üçin suw ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
7. LOT № 511.
Jemagat hojalygy müdirliginiň awtoulaglary üçin awtoduralgany hem-de awtoulaglara hyzmat ediş merkezini gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Arkadag şäheriniň häkimligi.
8. LOT № 525.
Lebap welaýat kazyýetiniň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.
9. LOT № 535.
«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalar üçin bekleýjileri we podşipnikleri satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
10. LOT № 537.
Jemagat hojalygy birleşiginiň Jemagat hojalygy müdirlikleriüçin gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
11. LOT № 545.
Şäheriň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny agyz suwy bilen üpjün ediji 30 sany suw sorujy bekediň hem-de agyz suw arassalaýjy desgalaryň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
12. LOT № 558.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň hem-de desgalarynyň sowadyjy (çiller), WRW we split ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.
13. LOT № 562.
Serwer enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
14. LOT № 563.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň we desgalarynyň aýnalaryny, mermer diwarlaryny, üçeklerini, demir turbalaryny ýuwmak.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 3-nji dekabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank