Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki doganlyk ýurduň arasynda dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanyldy. Bu şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda döwlet Baştutanymyzyň bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanmagynyň däp bolan türkmen-özbek dostlugynyň mizemezdiginiň, Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny belende göterýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň nyşanydygy bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi ýokary döwlet sylagy bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi şanly waka bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýokary döwlet sylagy bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank