Resmi habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygymyzy, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçip almak hem-de höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap ediler.
***
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank