TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň adyndan bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň bu iri forumlara gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagyňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz biziň ählimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyz bilen geçirilen bu forumlar ulag-aragatnaşyk ulgamynyň has-da kämilleşmeginde hem-de bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we berkemegine hem öz täsirini ýetirýär. Ýokary guramaçylykda geçirilen halkara sergi we maslahatlar halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, ulag-kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy we bar bolan oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Forumlaryň çäginde aragatnaşyk pudagynda sebit we dünýä derejeli meseleler barada özara pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda häzirki zaman hyzmatlaryny hödürlemekde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, serhetüsti optiki-süýümli magistral geçelgelerini gurmak, ulag-aragatnaşyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly möhüm meseleler bar.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda häzirki döwürde aragatnaşyk pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Siz: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip nygtamak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki mümkinçilikleri düýpli özgertmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde möhüm ähmiýet berýärsiňiz. Biz forumlaryň çäklerinde Siziň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion-tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna ynamly goşulmagyna ýardam berýän syýasatyňyza laýyklykda, telekommunikasiýa pudagyna iň kämil dünýä tejribeleriniň, innowasiýalaryň, maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen mümkinçilikler üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, ulag-aragatnaşyk pudagynyň täze sepgitlere ýetmegi, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar.