Geljek üçin tagallalary birleşdirip
Beata PEKSA,
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi.
Golaýda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 24-nji mejlisi şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygymyzda ýetilen sepgitler barada oýlanmagyň ajaýyp pursady boldy. 2025-nji ýylda Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi tagallalary utgaşdyrmagyň we hyjuwlylygyň ýokary derejeli syýasy dialogyň hem-de anyk ugurlarda pudaklaýyn özara gatnaşyklaryň görnetin ösüşi bilen häsiýetlenýän täze tapgyryna gadam basdy. Bu ýylda Türkmenistan sebitleýin merkez hökmünde barha artýan strategik ornuny has-da äşgär etdi. Bu hakykat mart aýynda türkmen paýtagtynda ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň ýolbaşçylygynda geçirilen 20-nji ministrler duşuşygynyň mysalynda-da aýdyň ýüze çykdy. Şol duşuşyk soňlugy bilen Samarkantda taryhda ilkinji gezek guralan «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammiti üçin esas bolup hyzmat etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkant sammitinde sebitleýin integrasiýa babatda hemmetaraplaýyn, uzak geljegi nazarlaýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şol teklipler, hususan-da, sanly aragatnaşygy üpjün etmek üçin Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek, möhüm söwda ýoly hökmünde Hazarüsti ulag geçelgesini we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmagy işjeňleşdirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk barada aýdylanlar ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň çäginde ileri tutulýan strategik ugurlar bilen doly laýyk gelýär.
Aslynda, «Global Gateway» işlenip düzülen strategiýalary ýerlerde anyk hereketlere öwürýär. Şoňa görä, bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisinde guramamyzyň Türkmenistanyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de onuň logistik taýdan netijeliligini ýokarlandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy. Häzirki wagtda biz şu aýyň ahyrynda Daşkentde geçiriljek Hazarüsti maýa goýum forumynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýadan, Günorta Kawkazdan, Türkiýeden hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Hazarüsti utgaşdyryjy platformasynyň işini işjeň utgaşdyrýarys. Forumyň maksady bu derwaýys ulag geçelgesi üçin anyk maliýe serişdelerini çekmekden ybarat bolar.
Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermek hem biziň umumy wezipämizdir. Ýewropa Bileleşigi eýýäm Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin ygtybarly we durnukly hyzmatdaş bolup durýar. Geçen ýylda umumy söwdanyň möçberiniň 1,1 milliard ýewro deň bolmagy-da muny aýdyň subut edýär. Şunda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna goşulmagy üçin tehniki-syýasy taýdan goldaw bermegimizi, şol sanda bu işi täze Söwda maglumatlar portaly arkaly dowam etdirmegimiz örän möhümdir. Munuň özi kadalaşdyryşyň aç-açanlygy hem-de ykdysady taýdan açyklygy ýokarlandyrmak arkaly ýurduň ählumumy zynjyrlara doly goşulyşmagy babatda toparlaýyn maýa goýmakdyr.
«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi tizleşdirmek hyzmatdaşlygymyzda iň esasy wezipedir. Şoňa görä, biz «Ýewropa Bileleşigi «ýaşyl» Türkmenistan üçin» ýaly başlangyçlarymyz arkaly howa şertlerine uýgunlaşan, pes uglerodly ykdysadyýete geçmäge ýardam berýäris. Ol metan zyňyndylaryny azaltmak ýaly wajyp meseläni çözmäge, gaýtadan dikeldilýän energetikany ilerletmäge, meselem, Metan boýunça okuw merkezini döretmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öz içine alýar. Şeýle-de Türkmenistanyň suw diplomatiýasy bilen bagly teklipleriniň hem-de ÝB-niň suw, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça «Ýewropa topary» sebitleýin başlangyjynyň özara utgaşdyrylmagy netijesinde umumy ösüşidir sebitleýin durnuklylygy üpjün etmegiň uly geljegi bar.
Ygtybarly hyzmatdaşlyk adam faktory meselesi babatda netijeli we açyk ara alyp maslahatlaşmalary öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Şu ýylyň iýunynda geçirilen adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisinde biziň bu ugurdaky ösüşe ygrarlylygymyz tassyklanyldy. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak, zenanlardyr çagalaryň hukuklaryny höweslendirmek babatda tagallalaryna ýokary baha berýär, şol bir wagtda-da kanunyň hökmürowanlygy, kadaly dolandyryş, adamyň esasy azatlyklaryny hormatlamak ýaly ýörelgeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň esasy şertidigini nygtaýar. Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşmalarda bolsa ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmäge umumy taýýarlyk beýan edildi. ÝB hem-de Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere aýratyn üns bermek bilen, köptaraplaýynlygy pugtalandyrmagyň we halkara hukugyň kadalaryna berk eýermegiň zerurdygyny tassyklaýar.
Şu ýyl «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komiteti biziň özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezip, hemmeler üçin gülläp ösýän, durnukly, inklýuziw geljegi gurmagyň bähbidine bilelikde iş alyp barmak boýunça aýgytly hereketlere taýýardygymyzy görkezdi. Onuň çäklerinde söwdany we maýa goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam bermek, sebitleýin özara baglanyşygy güýçlendirmek, täze iş orunlaryny döretmekde ünsi jemläp, «ýaşyl» hem-de sanly ykdysadyýete geçmegi işjeňleşdirmek, bilim we medeni alyşmalary ilerletmek, döwlet dolandyryşy meselesi boýunça netijeli dialogy goldamak ýaly ugurlary öz içine alýan anyk gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Sözümiň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň biziň umumy gün tertibimizi durmuşa geçirmäge doly ygrarlydygyny aýtmak isleýärin. Raýatlara, işewürlige we geljek nesillere hakyky bähbit getirjek hyzmatdaşlygy berkarar etmek boýunça pikirleri herekete öwürýän döwrümizde siz bize bil baglap bilersiňiz!
«Türkmenistan»
Halkbank and other bank services
Senagat Bank