Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Hasyl toýy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň we oba hojalyk işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şöhratly wakalara beslenýär, milli we ruhy gymmatlyklarymyz täze öwüşginde has-da dabaralanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ekerançylyk däpleriniň baý milli tejribesi hem gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň agzybir işgärleri Siziň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak, oba hojalygyny iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipeleriňizi üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda öndürijilikli zähmet çekýärler.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň hemaýat-goldawlaryňyzyň netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary, tohum, dökün we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bilen, türkmen ýaýlalarynda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlary gönükdirmek esasynda täze önümçilik kärhanalaryny gurmak, ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Siziň ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, suwarymly ýerleriň durkuny täzelemek, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklaryňyza laýyklykda, täze suw howdanlarynyň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň göwrüminiň giňeldilmegi, suw hojalygynda ulanylýan döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy oba hojalyk pudagynda has ýokary sepgitlere ýetmäge, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna hem-de ähli halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Siziň başlangyçlaryňyzdan ugur alyp, mundan beýläk-de ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini ylmyň gazanan häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý edip, ene topragymyzdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekeris.
Goý, sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Hasyl toýy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşyjylar we oba hojalyk işgärleri.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank