Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hatlarynda Türkmenistanda oba hojalygyny özgertmäge uly ähmiýet berilýändigini, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini nygtaýarlar. Asylly zähmeti bilen bereketli toprakdan bol hasyl öndürýän edermen daýhanlaryň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi türkmen topragynyň sahawatlylygyny alamatlandyrýan umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Hasyl toýy mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank