TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bilim biziň bagtymyz

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarydyr ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly, ylmy derejeli hünärmenleri ýetişdirmekde alnyp barylýan işler üstünlikli berjaý edilýär.

Diýarymyzdaky orta mekdepleriň okuwçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalaryna gatnaşyp, altyn we kümüş medallara mynasyp bolýandyklary buýsandyryjy hakykatdyr. Biziň ata Watanymyz halkara derejeli bäsleşikleriň hem geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Munuň özi türkmen ýaşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge, bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam edýär. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplary bilen üpjünçiligi hem döwrebap ýola goýuldy. Bu okuw kitaplaryny, gollanmalaryny taýýarlamaga orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, degişli hünärmenler, alymlar işjeň gatnaşýarlar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň interaktiw, multimedia görnüşinde guralmagy ýaşlaryň okuwa bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar we berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda döredilen ylmy-tehniki mümkinçilikleriň, düýpli hem-de amaly barlaglaryň peýdalanylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny  şertlendirdi.

Goý, milli bilim ulgamyny beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Jennet MEREDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň mugallymy.