Sagbolsunlarymyz ýürekdendir
Paýtagtymyzyň şäher düzümini has-da kämilleşdirmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ulag ulgamy has-da ösdürilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň şaýollarydyr köçelerinde «Yutong ZK6128HG» kysymly ýolagçy awtobuslarynyň ilata hyzmat etmegi Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda watandaşlarymyza ajaýyp toý sowgady bolupdy. Ulag gatnawy näçe tiz we çeýe amala aşyrylsa, işçi hünärmenler, okuwçylardyr talyplar, şeýle-de şahsy işleri bilen gatnaýan raýatlar üçin şonça-da giň mümkinçilikler döredýär. Soňky ýyllarda dünýäniň köp sanly iri şäherlerinde ekologik taýdan arassa, howpsuz hem-de giň awtobuslara islegiň barha artmagy-da hut şunuň bilen bagly. Baş şäherimizde gatnap başlan täze awtobuslar amatlyklaryň ählisini özünde jemleýär.
Bu awtobuslaryň uzynlygy 12 metr bolup, üç sany gapysy bar, 26 sany oturgyç bilen üpjün edilendir, birbada 100-e golaý ýolagçyny gatnadyp bilýär. Onda howanyň temperaturasyny kadaly saklamak üçin sowadyjy we ýyladyjy ulgam göz öňünde tutulandyr. Bu kysymly ulaglar dünýäniň iri megapolislerinde we «akylly» şäherleriň aglabasynda hereket edýär. Awtobus «Euro 5» ölçeglerine kybap gelýän, ekologik taýdan zyýansyz hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. Geljekde bu hili awtobuslaryň sanynyň artmagy bilen, şäheriň çägindäki gatnawlar has hem howpsuz we amatly bolar. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäher gurşawynyň ekologiýa taýdan arassa saklanylmagynda-da ähmiýetlidir. Paýtagtymyzy mähriban halkymyzyň buýsanjyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Suhrabjan ANWAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank