TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gözellik bossany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzyň abraýy barha ýokarlanýar. Halkara derejesindäki iri çäreleriň, forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly häzirki zaman döwrebap binalaryň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda binagärligiň ösen derejesini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynda: «Biz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň özi ata-babalarymyzyň gurmak we döretmek ýaly belent maksatlaryny mynasyp dowam etdirýändigimiz, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha  pugtalandyrýandygymyz bilen berk baglydyr» diýip nygtamak bilen, paýtagtymyzy ösdürmek we gözelleşdirmek boýunça kabul edilen Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz paýtagtymyzda gurulýan her bir desganyň binagärlik taýdan gözelligi, daşky keşbiniň halkymyzyň arzuw-isleglerini beýan edip bilmegi, şeýle hem desganyň döwrebaplygy barada aýratyn alada edýär. Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlar, köpsanly muzeýler, teatrlar ýurdumyza gelýän  myhmanlaryň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlardyr ýatlamalary goýýar. Şäherimiziň keşbini has-da gözelleşdirýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän  «Oguzkent», «Ýyldyz», «Aşgabat» kimin ençeme ajaýyp myhmanhanalar paýtagtymyzyň  myhmanlaryny mähir bilen garşy alýar. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, «Aşgabat» Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän täsin «Garagum» myhmanhanasy hem gözelligi bilen göreni özüne bendi edýär. Garagum sährasynyň täsin tebigatyny ýadyňa salýan bu myhmanhananyň umumy tutýan meýdany 6,9 gektara barabar bolup, ol 87 sany standart we lýuks otaglardan ybarat. Garagum sährasynyň ulgam-ulgam çägeli keşbini ýadyňa salýan, altynsow reňkli myhmanhanada dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar döredilen.

Tämizligi, owadanlygy, juwanlygy bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Amangeldi ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.