Parahatçylyk we asudalyk – berkararlygyň binýady
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak bilen dünýä döwletleri, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň çuňňur taryhy kökleri bar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň öz neberelerine we soňky nesillere goýup giden parasatly wesýetlerine eýeren Gorkut atanyň, Görogly begiň, Magtymguly Pyragynyň ýol-ýörelgelerinde watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak taglymatlary has-da kämilleşdirildi. Ata-babalarymyzyň hiç bir döwürde hem goňşy ýurtlar, halklar bilen ýüze çykan özara näsazlyklaryň güýç we ýarag ulanmak ýoly bilen çözülmeginiň tarapdary bolmandyklaryna taryh şaýatlyk edýär. Olar islendik dawanyň gepleşikler geçirilip çözülmegini ýol-ýörelge edinipdirler we muňa bütin durky bilen uýupdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanynda atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen häsiýetiniň käbir aýratynlyklary baradaky ýatlamalaryny beýan etmek bilen, ata-babalarymyzyň gaýry halklary, dini başga adamlary hiç haçan gyrakladan, kemsiden däldiklerini, tersine, adalatlylygy, ynsanperwerligi anyk ýörelge edinip, parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barandyklaryny belleýär. Hut şu häsiýetler hem türkmenlere orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň dürli künjeklerinde köp sanly ululy-kiçili döwletleri gurmaga esas döredipdir.
Bu günki gün Türkmenistan daşary syýasatda islendik jedelli meseläniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär, şeýle hem birek-biregiň içerki işine gatyşmazlyk, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary deňhukukly we özara bähbitleri nazara almak esasynda ösdürmek ýörelgelerine eýerýär. Gеçеn taryhy döwrüň dowamynda toplanan baý tejribäniň subut edişi ýaly, Türkmеnistаnyň dаşаry syýasаtynyň özеni bоlаn hеmişеlik Bitаrаplyk dünýä bileleşiginiň ynаmyny dоly ödeýär.
Goý, berkarar Diýarymyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merdan ABYLGAZYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank