Bagtyýar geljegiň gözbaşy
Bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeler bu günki gün ähli halkymyzy buýsandyrýar, guwandyrýar. Ähli pudaklara ylmyň, bilimiň, innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmagyň, onuň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan özgertmeler hemmetaraplaýyn we ylmy esasda durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi, sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.
Ýakynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly joşgun bilen bellenilip geçildi. Ýaşlarymyz üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasy bolan bu baýram ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda hem birnäçe bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Munuň özi ösüşleriň ata Watanymyzyň röwşen ýolunda ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň özboluşly görkezijisidir.
Bilim-ylym we innowasiýalar äleminde giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Yhlas ALLANUROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank