TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bedew  bady bilen barha öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitaplary ýaşlarymyz üçin möhüm ruhy hazyna öwrüldi. Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edýän, asylly milli ýörelgeleri  döreden halk hökmünde tanalýar. Biziň alyp barýan içeri we daşary  syýasatymyz, innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli  pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. «Dialog  —  parahatçylygyň  kepili»  atly  ýörelgä eýerip,  dünýäniň  halklarydyr  ýurtlary bilen  ýola  goýýan  dost-doganlyk gatnaşyklarymyz halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy nusga edinip, ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin öz ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýar.

Ynsanyň abraý-mertebesi,  gadyr-gymmaty  zähmeti  bilen kesgitlenýär. Çünki  adamzat  jemgyýetiniň  ösüşi  hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz  baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny  milletiň,  adamzadyň  bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak döwletimiziň esasy  wezipeleriniň  biridir. Şunda medeni mirasyň, ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda her bir türkmen ojagynda Magtymguly Pyragynyň şygyr diwany gymmatly hazyna hökmünde aýawly saklanýar. Akyldaryň öz şygyrlarynda öňe sürýän garaýyşlary ähli döwürler üçin hem ýol görkeziji taglymat hasaplanýar. Onuň adalatlylyk, hoşniýetlilik, ilkinji nobatda, adamyň bähbitlerini ileri tutmaga çagyrýan pelsepewi garaýyşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Muňa «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy arkaly 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň bardygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Şunda ähli döwürler üçin derwaýys bolan asylly ýörelgeleri öňe süren Magtymguly Pyragy parahatçylygyň hakyky waspçysydyr. Söz ussadynyň eserleriniň özenini düzýän ynsanperwer garaýyşlar bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde parahatçylygy berkarar etmek baradaky esasy maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Ýaşlar  parahatçylygyň binýadyny berkidýän esasy güýji özünde jemleýär. Olaryň dogry terbiýelenmegi we jemgyýetde  öz ornuny  eýelemegi, geljek nesiller üçin durnukly we abadan durmuşyň kepilidir. Ýaşlar bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylan beýik ösüşlere, özleri hakda edilýän alada çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli şertlerde ýaşaýandyklary üçin özlerini bagtly duýýarlar. Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Ýazgül  ANNABAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.