TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Gurluşyk we senagat toplumynyň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, şeýle hem bu forumyň ýokary derejede, netijeli geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, toplumyň ähli pudaklarynyň ösdürilmegi we düýpli kämilleşdirilmegi ugrunda edýän tagallalaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly rowaçlyklara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny giňden baýram etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda asyrlara barabar ösüşlere ýetdi. Kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe döwlete öwrüldi. Bu döwürde amala aşyrylan beýik işleriň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Siziň başlangyçlaryňyz bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumyna degişli pudaklaryň hem ösüşiniň depginini ýokarlandyrdy, munuň özi halkyň rowaçlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Siziň baştutanlygyňyzda häzirki döwürde Türkmenistanda gurluşyk we senagat toplumynda ýokary derejede alnyp barylýan işler, geçirilýän giň gerimli forumlar, maslahatlar, sergiler we beýleki köpugurly çäreler döwletiň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen syýasatyny Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýar. Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, sentýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň uly üstünliklere beslenip geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara sergi türkmen ykdysadyýetiniň gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan guwandyryjy üstünlikleri, halkara we milli derejede amala aşyrylýan iri taslamalary, geljekki meýilnamalary giňden açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, Siziň baştutanlygyňyzda mynasyp dowam etdirilýän ykdysady özgertmeler, ýurduň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda durmuşa geçirýän maksatnamalaryňyz, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan ägirt uly işler aýdyň şöhlelendi.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, gurluşyk we senagat toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Täze obalardyr şäherler, iri senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Nobatdaky sergide-de ýurduň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna mynasyp goşandyny goşýan gurluşyk we binagärlik, senagat, gurluşyk önümçiligi, energetika pudaklarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy ulgamynyň, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň, türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini, geljekki ösüş ugurlaryny görkezýän ekspozisiýalar giňden ýaýbaňlandyryldy. Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda öndürilýän milli önümleri giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrülen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu halkara serginiň we maslahatyň hyzmatdaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady mümkinçilikleri, gurluşyk, senagat pudaklarynyň kuwwaty bilen tanyşdyrmakda, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmekde ähmiýeti örän uludyr.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, ähli işleriňiz elmydama rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar.