TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bilimli il ozar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler üstünlikli alnyp barylýar. Şonuň netijesinde Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde täze ýokary we orta hünär, umumy  orta bilim berýän mekdepler, şeýle-de çagalar baglary yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň  esasy şertine öwrüldi. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde  orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary guruldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

 Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär» diýip belleýşi ýaly, bu günki gün türkmen ýaşlary hem ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Okap, öwrenip, döredip, ertiriň kämil şahsyýetleri bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

 Ýaş nesillere okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!   

Serdar ABAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.