Türkmenistan türk “Rönesans” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
CIET 2025 Halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow bilen türk kompaniýasy bolan “Rönesans Endüstri Tesisleri”-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Erdem Irseliň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Gepleşikler Türkmenistanda gurluşyk we senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak meselelerine gönükdirildi. Giň gerimli infrastruktura we gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýurduň esasy hyzmatdaşy bolan “Rönesans” kompaniýasynyň türkmen tarapy üçin zerur bolan tejribesi bar.
Taraplar täze ýokary tehnologiýaly senagat desgalarynyň gurluşygynda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda türk kompaniýasynyň gatnaşygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk milli senagatlaşdyrma taslamalarynyň ýokary hilli we çalt durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň “Rönesans” bilen uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
HHM
Halkbank and other bank services
Senagat Bank