TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bagt şäherim Aşgabat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara şatlyk-şowhuna beslenýär. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu günki gün ak mermere beslenen paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge şirin söz gerek. Beýik şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň şygyr setirlerinde:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin

—  diýmegi hem, ak şäherimiz Aşgabadyň hut häzirki ýagdaýyny taryplaýana meňzeýär.Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup dabaralanýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen, gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz — berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi aýdyň beýan edýär. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir.

Paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligi, asudalygy, rahatlygy ähli döwürlerde hem ýazyjy-şahyrlaryň ylhamyny joşduryp gelipdir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda halkara sergiler, döredijilik duşuşyklary, şatlyk-şowhuna beslenen konsertler we dabaraly çäreler geçirilýär. Elbetde, bu zatlaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda ösüşleriň, rowaçlygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şeýle eşretli döwletde ýaşap, özüňi bagtly duýmazlyk asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, gurmak, döretmek babatdaky beýik işleriniň bu gün uly rowaçlyklara beslenmegi ähli halkymyzy guwandyrýar.

Sadap DÖWRANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.