TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bag ekmek — parz iş

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli baglary oturtmak barada alyp barýan döwletli syýasatynyň netijesinde  gözel tebigatymyz barha baýlaşýar. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigatyň bag nahallaryna, gül-gunçalara beslenmegi bir tarapdan, tebigy gurşawa gözellik çaýsa, ikinji bir tarapdan, adamlaryň saglygynyň berkemegine, uzak ömür sürüp, bagtyýar ýaşaýşa eýe bolmagyna oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzyň özboluşly hem-de gaýtalanmajak gözel tebigatyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak maksady bilen, döwlet ekologiýa syýasaty netijeli durmuşa geçirilýär. Şunda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi möhüm  ähmiýete eýedir. Bu hakda hormatly Prezidentimiz  «Her ýyl  ählihalk bag  ekmek dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň baý tebigatymyza buýsanjyny artdyrýar. Beýik  maksatlara gönükdirilýän bu işleriň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägi barha giňeýär» diýip belleýär. Ýurdumyzda ýylda iki gezek — ýaz hem güýz  aýlarynda  hormatly Prezidentimiziň  başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin  bag ekmek  dabarasyna  ildeşlerimiz, şol sanda  ýaşlar işjeň gatnaşyp, tutuş Diýarymyzyň, onuň  paýtagty Aşgabadyň tebigy gözelliginiň has-da baýlaşmagyna goşant goşýarlar. Bu çäre ýaşlaryň  ekologiýa terbiýesinde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ata Watanymyzyň ähli ýerinde, daglarynda, düzlerinde, çöllerinde ýaşyl ýazyň ýaldyrap gelmegi bilen, daş-töwerek, tebigat janlanýar. Agaçlar ýaşyl donuna bürenip, gülli-gülälekli meýdanlarda otlaryň jana ýakymly, şypa beriji ysy adam ruhuny Arşa göterýär, onuň güýjüne güýç, höwesine höwes goşýar. Külli adamzadyň ýüregini joşdurýan saýaly, miweli we bezeg beriji agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň, ýakymly gülleriň nahallaryny oturtmak, tohumlaryny ekmek işi mukaddes borçdur.  

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigatyň bag nahallaryna, gül-gunçalara beslenmegi bir tarapdan, tebigy gurşawa gözellik çaýsa, ikinji bir tarapdan, adamlaryň saglygynyň berkemegine, uzak ömür sürüp, bagtyýar ýaşaýşa eýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Tebigatymyzyň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly serişdelerini aýap saklamak we dikeltmek geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Şeýle-de, bag ekmek parz işleriň biri hasaplanylýar.

Gözel Diýarymyzy ekologiýa abadançylygynyň, gür baglygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Azym ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.