 
                    Aktau şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dabaraly çäre we sergi geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Ş.Ýesenow adyndaky Hazar tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň talyplary, Mangystau welaýatynda ýaşaýan türkmen raýatlary, şeýle hem jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan möhüm üstünlikleriniň biri bolup durýandygyny we onuň parahatçylykly daşary syýasatymyzyň nyşanyna öwrülendigini belledi. Geçen otuz ýylyň içinde Bitaraplyk ýurdumyzyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, sebitleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti eýeledi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlarynda gazanan uly üstünliklerine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi.
Çäre ýakymly we dostlukly ýagdaýda geçdi. Myhmanlara türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini şöhlelendirýän milli tagamlary hödürlenildi.
Dabaraly duşuşyk türkmen halkynyň döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gymmatlyklaryny pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny ýene bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
 
         
     Halkbank and other bank services
 Halkbank and other bank services Senagat Bank
 Senagat Bank