TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň özi öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak saglygy hemmetaraplaýyn berkidýär. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag  şäherinde, welaýatlarda gurlup ulanmaga berilýän dürli görnüşli sport toplumlary, köpugurly stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, döwrebap sport desgalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn we ruhubelent kemala gelmegi üçin niýetlenendir. Ýöriteleşdirilen sport enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiňi ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklaşmagyna uly ýardam  edýär. Sport toplumlarynda ornaşdyrylan döwrebap sport enjamlar, köpugurly trenažýorlar dürli ýaşdaky tejribeli türgenlere, tälimçilere şeýle hem höwesjeňlere sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga netijeli türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykýar. Ýurdumyzda türgenlerdir tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirilýär. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu asylly ýörelgäni ösdürmekde, wagyz etmekde bilim işgärleriniň, mugallymlaryň aýratyn orny bardyr. Häzirki ylym­bilimiň uly ösüşlere eýe bolýan döwründe şeýle asylly işleri mynasyp ösdürip, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemeklige ýurdumyzyň mugallymlary uly goşant goşýarlar.

Rejep ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.