
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyldy
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýokary netijeli sporty ösdürmäge, halkara derejeli sport ussatlarynyň, türgenleriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda paýtagtymyzdaky dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda birnäçe halkara ýaryşlar, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden iň ezber türgenleriň 5 müňden gowragyny özünde jemlän oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrdy. Ol her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Şeýle hem şol ýyl gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.
Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Bu sport çäreleri halkara gatnaşyklary, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga mynasyp goşantdyr. Golaýda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi boldy.
Ine, bu gün Aşgabat dünýä derejesindäki ýene bir iri ýaryşy kabul edýär. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 16-njy awgustda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara kuraş assosiasiýasy bilen göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdi.
Şu gün «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen geçirilen halkara mediaforumda şular barada giňişleýin beýan edildi. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen mediaforum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumat berildi.
Çempionata taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmen türgenleri daşary ýurtlarda guralan birnäçe türgenleşiklere hem-de halkara ýaryşlara gatnaşdylar. Olar bu iri sport ýaryşyna taýýarlygyň jemleýji tapgyryny Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda geçirdiler. Bu ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Asylly däbe görä, möhüm ähmiýetli ýaryşlar başlamazdan ozal, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary türgenlere üstünlikli çykyş etmegi arzuw edýärler. Döwletimiziň sport abraýyny belende götermek türkmen türgenleriniň öňünde goýlan wajyp wezipedir. Munuň üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahsy hemaýat bermeginde zerur çäreler görülýär.
Mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionatyň heniz başlamanka, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мir 24», «TRT AVAZ», “CCTV”, “Euronews” teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem «Asiavision» Aziýa — Ýuwaş umman radiogepleşikler assosiasiýasynyň habarlar topary, ýaýlyma beriş kompaniýalary hem-de Döwletara habarlar merkezi tarapyndan şöhlelendirildi. Şunuň bilen birlikde, Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň we Sport metbugatynyň Aziýa bileleşiginiň neşirlerinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar çap edildi. Olarda Aşgabatdaky iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar. Çempionatyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa ýaryşlary «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.
Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere Halkara kuraş assosiasiýasynyň şu gün geçirilen kongresinde hem ýokary baha berildi. Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 milli federasiýany birleşdirýär.
Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sportydyr. Başa-baş söweşiň 3 müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde we dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwürýär. Kuraş barada «Görogly», «Gorkut ata» ýaly halk eposlarynda hem agzalýar. Pälwanlar dürli milli toý-baýramlarda öz göreş ussatlyklaryny görkezipdirler. 2003-nji ýylda kuraş Aziýada geçirilýän ähli yklym oýunlaryna resmi taýdan girizildi. Häzirki wagtda bu sporty beýleki iri ýaryşlaryň, şol sanda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak meseleleri öwrenilýär. Göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan 2002-nji ýyla çenli her ýylda, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek guralýan şu gezekki dünýä çempionaty gatnaşyjylaryň sany boýunça iň ýokary görkezijä eýe boldy. Ol 53 döwletden 490-dan gowrak wekili bir ýere jemledi.
Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresinde bellenilişi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Kuraş federasiýasy hem-de Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan jogapkärçilikli, düýpli taýýarlyk işleri geçirilipdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler, bu abraýly ýaryşyň geçirilmegine gatnaşýan adamlar, myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 310 meýletinçi taýýarlanyldy.
Myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde olar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görýärler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezilişleri, myhmanlaryň Arkadag şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralýar.
Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresiniň jemleýji böleginde Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň wekiliniň Halkara kuraş federasiýasynyň Statistika komitetiniň ýolbaşçylygyna saýlanandygy yglan edildi. Biziň ýurdumyzyň wekiliniň göreşiň bu görnüşi boýunça halkara assosiasiýasynyň düzümine ilkinji gezek saýlanýandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Agşamlyk Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy. Merkezi Aziýa sebitindäki bu iri desgalar toplumy halkara sport ýaryşlaryny geçirmek, türgenleriň hem-de saglygyny berkitmek isleýän islendik adamyň türgenleşmegi üçin hyzmat edýär.
Şu gün baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk topluma köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Hemmeler çäräniň başlanýandygyny alamatlandyrýan açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onda boljak tutluşyklara tomaşaçylaryň uly topary gyzyklanma bilen tomaşa eder.
Köp garaşylan pursat gelip ýetýär. Sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy badalga alýar.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet berendikleri nygtalýar. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir. «Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir. Pälwanlary taýýarlamakdaky baý tejribesini Beýik Ýüpek ýoly boýunça dünýä ýaýradyp, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr» diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlikde diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň astynda Watanymyzyň mukaddes tugy ýokary galdyrylýar.
Soňra Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farmana söz berilýär. Ol ýygnananlara ýüzlenip, çykyşyny “Salam, Türkmenistan!” diýen sözler bilen başlady. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine şatdygyny nygtap, çempionatyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn belledi.
Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýder Farman sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin Halkara kuraş assosiasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.
Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara türkmen tebigaty, ýurdumyzyň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada söz açýan wideorolik görkezildi.
Soňra tomaşaçylaryň öňünde tans toparlary çykyş etdiler. Elbetde, ähli baýramçylyklarda bolşy ýaly, şu gezekki dabarada-da şowhunly “küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň özboluşly beýany bolan bu tans diňe bir milli däl, eýsem, dünýä mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Onuň ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris.
Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejesinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.