TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giňden goldamagy esasynda itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça işlere kuwwatly itergi berildi, ýurdumyzda alabaýlara ideg etmegiň döwrebap düzümi döredildi.

Neşiriň baýramçylyk sany “Bitaraplyk — şöhratymyz, şanymyz” atly syýasy mazmunly makala bilen açylýar. Onda Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygy baradaky maglumatlar beýan edilip, ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekilýär.

Žurnalyň sahypalarynda alabaýlar bilen baglanyşykly, şol sanda olaryň ynsan saglygyna oňaýly täsir edişi hakyndaky makala ýerleşdirilipdir. Bellenilişi ýaly, itli gezelenç kesel bejerişiň we dikeldişiň ajaýyp serişdesidir. Ol lukmançylyk adalgasynda “anisterapiýa” diýlip atlandyrylýar. Munuň özi zooterapiýanyň bir görnüşi bolup, soňky ýyllarda kesel bejeriş, dikeldiş çärelerini geçirmekde giňden ulanylyp başlandy. Mundan başga-da, žurnalda “Awçynyň ýoldaşy”, “Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy” atly makalalar bolup, olarda türkmen alabaýlaryna hem-de tazylaryna mahsus özboluşly häsiýetler açylyp görkezilýär. Täze neşirde ýerleşdirilen ýene bir makala okyjylaryň ünsüni çeker. Çünki onda alabaýyň öz eýesine wepalylygy beýan edilip, ol bolan waka esasynda ýazylypdyr. Waka Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Gökje obasynda bolup geçipdir.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bolan waka esasynda okyjylara ýetirilen makalada beýan edilenler hem Milli Liderimiziň halk köpçüligine ýetiren gymmatly eseriniň mazmuny bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu kitapda diňe bir alabaýlaryň dünýädäki iň gadymy tohumlaryň biridigi, gelip çykyşy we ösüşi barada söhbet edilmän, eýsem, olaryň medeni özboluşlylygy hem açylyp görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, alabaýlar halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny düzüp, türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülýär. Häzirki wagtda bu keşpler özüniň derwaýyslygyny birjik-de ýitirmedi, gaýtam, has çuň manyly gymmatlyga öwrüldi. Çünki olar özünde adamlaryň köp nesliniň haýran galyjylyk, ata-babalarymyza tutanýerli zähmeti üçin hoşallyk duýgularyny birleşdirdi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan maksada okgunly işler alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär. «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnal hem bu giň gerimli işe saldamly goşantdyr. Onuň sahypalaryndan okyjylar alabaýyň milletiň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatda, türkmenleriň filosofiýasynda eýeleýän orny baradaky gyzykly maglumatlary tapyp bilerler. Neşir türkmen alabaýlarynyň we tazylarynyň keşplerini açyp görkezýän köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir.

(TDH)